HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: polietilen, dizel ýangyjy we nah ýüplükler esasy geleşik baglaşylan önümler boldy

Sentýabr 17, 2022 | 03:32 |7647
Penşenbe güni, 15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy $21,5 million we 18,5 million manat bolan 20 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Penşenbe güni, 15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy $21,5 million we 18,5 million manat bolan 20 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Penşenbe güni, 15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy $21,5 million we 18,5 million manat bolan 20 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Polşanyň, BAE-niň we Owganystanyň işewürleri umymy bahasy $3,6 million gowrak bolan Т60-475-119 görnüşli polietileniň jemi 5 müň tonnasyny satyn almak üçin geleşikleri baglaşdylar. Harydyň bahasy ozalky söwdalardaky bilen deňeşdirilende, 17,5% pese düşdi we bir tonnasynyň bahasy $730 barabar boldy.

BAE-niň hem-de Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri $15,9 milliona gidro usul arkaly arassalanan dizel ýangyjynyň 17 müň tonnasyny satyn aldylar. Nebit önüminiň bahasy ozalky söwdalardaky bilen deňeşdirilende, 6,8% pese düşdi we bir tonnasynyň bahasy $939 deň boldy.

Türkiýäniň işewürleri söwdalarda $1,8 milliona nah ýüplükleriň 572 müň kg. satyn aldylar. Içerki bazarda manat serişdelerine ýerli telekeçiler 18,5 million manatlyk nah ýüplükleriň 423,5 müň kg. satyn aldylar.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news
Foto: plasticfilmtabriz.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026