HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: nah ýüplükleriň uly tapgyry eksporta ýerlenildi

Sentýabr 16, 2022 | 05:47 |8552
Çarşenbe güni, 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy $1,4 million we 76,1 million manat bolan 15 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Çarşenbe güni, 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy $1,4 million we 76,1 million manat bolan 15 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Çarşenbe güni, 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy $1,4 million we 76,1 million manat bolan 15 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

BAE, Gyrgyzystan hem-de Azerbaýjanyň wekilleri daşary ýurt puluna nah ýüplükleriň dürli görnüşleriniň jemi 500 müň kg-ny satyn aldylar. Geleşigiň umymy bahasy $1,4 müň deň boldy.

BAE-niň we Türkiýäniň wekilleri milli pulda umymy bahasy 11,2 million manat bolan 335 müň kg. nah ýüplükleriň dürli görnüşlerini satyn almak üçin geleşikleri baglaşdylar.

Beýik Britaniýanyň işewüri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman-senagaty ministrliginiň kärhanasynda öndürilen bir litrlik gaba guýulan 1%-li powidon-ýod ergininiň 12 müň sanysyny satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 438,4 müň manada deň boldy.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler 64,5 million manada granulirlenen tehniki kükürdiň 30 müň tonnasyny satyn aldylar

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news
Foto: unsplash.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026