Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Ýelizaweta II-njiniň aradan çykmagy sebäpli gynanç kitabyny açar


Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Ýelizaweta II-njiniň aradan çykmagy sebäpli 13-nji sentýabrda, hepdäniň sişenbe güni gynanç kitabynyň açylýandygyny habar berdi. Bu barada ilçihananyň internet ulgamlaryndaky sahypalarynda aýdylýar.
Bildirişde: "Şa zenanyna gynanç kitaby ertir Beýik Britaniýanyň ilçihanasynda, “Ak Altyn” myhmanhanasynda, ofis binasynyň 3-nji gatynda 10.00-dan 12.00-a çenli we 14.00-dan 17.00-a çenli açyk bolar" - diýilýär.
Şeýle hem, ähli isleg bildirýänler Birleşen Patyşalygyň şa maşgalasynyň www.royal.uk resmi saýty ýa-da ukembassy.ashgabat@fcdo.gov.uk salgy boýunça elektron poçta arkaly öz gynanç hatyny iberip bilerler.
Geçen hepdäniň anna güni we şu gün, ýagny duşenbe güni ilçiniň öýünde gynanç kitaby diplomatlar we hökümet agzalary üçin açyk boldy.
Şa aýalynyň aradan çykandygy baradaky habardan soň, adamlar ony hatyralamak üçin elleri gülli Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna gelýärler.
2022-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Bukingem köşgi Onuň Alyhezreti Şa aýalynyň aradan çykandygyny habar berdi. Bu bildiriş bilen döwlet jaýlanyşyna çenli dowam etjek milli matam başlandy. Şa aýaly 19-njy sentýabrda duşenbe güni ir sagat 11:00-da Westminster abbatlygynda jaýlanar.Ol gün patyşa tarapyndan dynç güni diýlip yglan edildi.
Ýelizaweta II-njiniň uly ogly Karl III adyny alan şazada Çarlz Beýik Britaniýanyň täze patyşasy boldy.
Ýelizaweta II 70 ýyldan gowrak şalyk sürdi we Beýik Britaniýanyň taryhynda iň uzak wagtlap höküm süren we ýaşy iň uly monarh boldy.
ORIENT news








