Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: $11 milliondan gowrak nebit önümleri eksporta ýerlenildi

Sentýabr 11, 2022 | 17:18 |8784
Anna güni, 9-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy  $13,4 million we 30,6 million manat bolan  geleşikleriň 28-si baglaşyldy diýip, ORINET-iň habarçysy habar berýär.Anna güni, 9-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy  $13,4 million we 30,6 million manat bolan  geleşikleriň 28-si baglaşyldy diýip, ORINET-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Anna güni, 9-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $13,4 million we 30,6 million manat bolan geleşikleriň 28-si baglaşyldy diýip, ORINET-iň habarçysy habar berýär.

Türkiýäniň hem-de Owganystanyň işewürleri umumy bahasy $8,7 million bolan A-92 görnüşli awtoulag benzininiň 10 müň tonnasyny satyn aldylar. Harydyň her tonnasyna $873 teklip edildi, bu bolsa ozal baglaşylan geleşikler bilen deňeşdirilende, 16,4% azdyr.

Owganystanyň wekilleri bahasy $809,3 müň bolan 1,5 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gazy almaga geleşik baglaşdylar. STG-iň bahasy ozalky söwdalardaky bilen deňeşdirilende, 1,4% aşak düşüp, bir tonnasynyň bahasy $539 deň boldy.

Türkiýäniň, Özbegistanyň we Owganystanyň işewür toparlary söwdalarda bahasy $635 müň bolan TPP D382BF görnüşli polipropileniň 500 tonnasyny satyn aldylar. Nebit önüminiň bahasy 14,5% aşak düşüp, bir tonnasynyň bahasy $1 270 barabar boldy.

Türkiýäniň, Gruziýanyň we Owganystanyň işewürleri bahasy $1,4 million bolan 5 müň tonna ýol nebit bitumyny eksport etmäge geleşik baglaşdylar. Nebit önüminiň bir tonnasynyň bahasy $297 diýilip kesgitlenildi.

Azerbaýjanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň wekilleri söwdalarda dürli görnüşli nah ýüplükleriniň 1,2 million kg.-ny satyn aldylar. Geleşikler milli we daşary ýurt pulunda -- $1,8 million we 30,6 million manat möçberinde baglaşyldy.

Türkmen tarapy söwdalaryň barşynda milli pula Russiýadan bolan üpjün edijiden A500S armaturasynyň 20 tonnasyny satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 300 müň manada deň boldy.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026
Kumamoto prefekturasyndaky ýertitremede pida bolanlaryň sany 38 adama ýetdi

Kumamoto prefekturasyndaky ýertitremede pida bolanlaryň sany 38 adama ýetdi

13:30 Awgust 03, 2026
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026