Ýaşlary beketmek: Türkmenistanly talyplar – Soçidäki intellektual olimpiadada


10-njy oktýabrdan 14-nji oktýabr aralygynda Russiýanyň Soçi şäherinde bakalawr, hünärmen, magistr we 8-10-njy synp mekdep okuwçylarynyň arasynda Maliýe Howpsuzlygy boýunça II Halkara Olimpiadasy geçiriler. Şu ýylyň maý aýynda geçirilen saýlama tapgyrynda baýraga mynasyp bolanlar we ýeňijiler “Sirius” bilim merkeziniň federal çäginde geçiriljek Olimpiadanyň soňky tapgyryna ugradylar.
– Intellektual bäsleşikde Russiýadan, Belarussiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we BRICS ýurtlaryndan on müňlerçe talyp we okuwçy bäsleşdi – diýip, Russiýanyň KHBS habar berýär.
Soçi bäsleşiginde Türkmenistana bäş sany ÝOM-niň – Magtymguly ad. TDU-niň, DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň we Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň talyplary wekilçilik eder. Ýeri gelende aýtsak, biziň ýaşlarymyz bu bäsleşige eýýäm ikinji sapar gatnaşýarlar. Olar 2021-nji ýylda Soçide geçirilen Maliýe Howpsuzlygy boýunça 1-nji Halkara Olimpiadasynda üç sany baýrakly orna mynasyp boldular.
Bäsleşigiň maksatnamasy bilim, medeni we sport çärelerini öz içine alar. Ýörite çagyrylan bilermenler bilen duşuşyklar, seminarlar, ussatlyk sapaklary, panel çekişmeleri, iş berijiler bilen duşuşyklar, gezelençler, şeýle hem iş ýarmarkalary we sport ýaryşlary gurnalar. Guramaçylaryň pikiriçe, bu çäreler ýaşlary has-da bekeder we çuňňur bilimleri, maliýe howpsuzlygy ugrundaky başarnyklary bolan zehinli mekdep okuwçylaryny we talyplary ýüze çykarmaga kömek eder, şeýle hem ýaşlaryň bu ugurdaky döredijilik ösüşine we gyzyklanmasyna itergi berer.
ORIENT news
Foto: национальныепроекты.рф








