HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň suw pudagynyň ýolbaşçysyny çalyşdy

Sentýabr 10, 2022 | 20:43 |16425
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Güýzgeldi Baýjanowy Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatdy we bu gurluşyň başlygy edip Durdy Gendjiýewi belledi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Güýzgeldi Baýjanowy Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatdy we bu gurluşyň başlygy edip Durdy Gendjiýewi belledi.
Çeşme:

– Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Güýzgeldi Baýjanowy Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatdy we bu gurluşyň başlygy edip Durdy Gendjiýewi belledi. Döwlet baştutany bu permanlara anna güni Türkmenistanyň hökümetiniň ýylyň soňky sekiz aýynyň netijeleri boýunça geçirilen mejlisinde gol çekdi – diýlip, Türkmenistanyň TR we K baradaky DK-niň habarlar gepleşiginiň agşamky sanynda habar berildi.

Baýjanow "başga işe geçýändigi sebäpli" wezipesinden boşadylan bolsa, onuň iki orunbasary özlerine ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin wezipesinden boşadyldy. Olaryň ýerine şu wagta çenli oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary wezipesini ýerine ýetiren täze orunbasarlar bellendi.

Türkmenistanyň Prezidenti Durdy Genjiýewe suw howdanlarynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak, melioratiw ulgamlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak we oba hojalygynyň zerurlyklaryny üpjün etmek ýaly suw çeşmelerini dolandyrmagyň esasy meselelerine üns bermegi tabşyrdy. Şeýle hem, gürrüň tygşytlaýyş tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we gidro desgalaryny hasap ulgamlary bilen enjamlaşdyrmak barada boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026