HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanyň Baştutany Türkmenistan bilen parlament hyzmatdaşlygyny giňeltmegi möhüm hasaplaýar

Sentýabr 10, 2022 | 20:13 |10418
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa dünýäniň ýurtlarynyň Parlamentleriniň ýolbaşçy zenanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin 8-9-njy sentýabrda Daşkende bolan saparynyň barşynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa dünýäniň ýurtlarynyň Parlamentleriniň ýolbaşçy zenanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin 8-9-njy sentýabrda Daşkende bolan saparynyň barşynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.
Çeşme:

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa dünýäniň ýurtlarynyň Parlamentleriniň ýolbaşçy zenanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin 8-9-njy sentýabrda Daşkende bolan saparynyň barşynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Mejlisiň ýolbaşçysy özbek liderine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdan salamyny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi.

Özbegistanyň Baştutany dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylgyň, ynamyň we strategik hyzmatdaşlygyň berk gatnaşyklaryna esaslanan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gazanylan ýokary derejesini belledi.

Köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde, bilelikdäki taslamalary hem-de medeni-ynsanperwer alyşmalar maksatnamasyny öňe ilerletmekde milli parlamentleriň eýeleýän möhüm orny nygtaldy.

Parlamentara bileleşigine agza döwletleriň parlamentleriniň ýolbaşçy zenanlarynyň 14-nji sammiti “Parlament liderligi: durnuklylygy we gülläp ösüşi has netijeli üpjün etmek üçin töwekgelçilikleri çaklamak” diýen meselä bagyşlandy. Foruma BMG, Parlamentara Bileleşigi, ÝHHG-niň Parlament assambleýasy, GDA-nyň Paralamentara Assambleýasy ýaly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem 17 ýurduň parlamentleriniň wekilleriniň 120-den gowragy gatnaşdylar.

Parlamentleriň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler, şeýle hem pandemiýa sebäpli ýüze çykan meselelerde gender deňligini kepillendirmek, durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmek, ykdysadyýeti täzeden dikeltmekde zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa sammitde çykyş edip, Türkmenistanyň parahatçylygy hem-de howpsyzlygy pugtalandyrmakda parlament diplomatiýasynyň institutlarynyň ulanylmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtady. Ol parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak babatda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge Türkmenistanyň Parlamentiniň taýýardygyny aýtdy.

ORIENT news
Foto: president.uz

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026