HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Şa zenanyň hatyrasyna – Lýusiýa Waýld bilen aýratyn söhbetdeşlik (täzelendi)

Sentýabr 09, 2022 | 21:52 |15783
Tutuş dünýä, ähli ýurtlaryň ýaşaýjylary, syýasatçylar we döwletleriň liderleri ýurdy 70 ýylyň dowamynda dolandyran  Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II-niň aradan çykmagyna gynanç bilen seslendi. Ýüzlerçe million adamlar aradan çykan şa zenany hatyralaýarlar, patyşa maşgalasyna we Birleşen Patyşalygyň raýatlaryna gynanç bildirýärler.Tutuş dünýä, ähli ýurtlaryň ýaşaýjylary, syýasatçylar we döwletleriň liderleri ýurdy 70 ýylyň dowamynda dolandyran  Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II-niň aradan çykmagyna gynanç bilen seslendi. Ýüzlerçe million adamlar aradan çykan şa zenany hatyralaýarlar, patyşa maşgalasyna we Birleşen Patyşalygyň raýatlaryna gynanç bildirýärler.
Çeşme:

Tutuş dünýä, ähli ýurtlaryň ýaşaýjylary, syýasatçylar we döwletleriň liderleri ýurdy 70 ýylyň dowamynda dolandyran Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II-niň aradan çykmagyna gynanç bilen seslendi. Ýüzlerçe million adamlar aradan çykan şa zenany hatyralaýarlar, patyşa maşgalasyna we Birleşen Patyşalygyň raýatlaryna gynanç bildirýärler.

Şu zerarly Beýik Britaniýanyň Birleşen Patyşalygynyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýusiýa Waýld diňe ORIENT-e interwýu berdi, onuň başynda biz redaksiýanyň we okyjylaryň adyndan gynanç bildidrip, medet beriji sözleri beýan etdik.

* * *

– Gynanç bildireniňiz üçin köp sag boluň. Onuň Alyhezreti şa zenan Ýelizaweta II Şotlandiýadaky Balmoral köşgünde düýn agşamara aradan çykdy. Bu barada düýn agşamara 6-da resmi taýdan yglan edildi. Bu wagt Onuň Alyhezretiniň maşgalasy, biziň halkymyz Britan Arkalaşygynyň agza ýurtlary, biziň Türkmenistandaky ilçihanamyzyň işgärleri, bütin dünýädäki millionlarça adamlar üçin uly hasratyň wagty, şolar üçin Onuň Alyhezreti köp zady aňladýardy.

Ol hemişe özgerip durýan dünýäde durnuklylygyň hem-de dowamatlylygyň nyşany boldy. Ol biziň ýurdumyzyň taryhynda iň köp wagt dolanadyran monarh boldy. Ol patyşalygy 70 ýyl dolandyrdy. Biz onyň tagta geçmeginiň platina şanly senasini hem bu ýerde, Aşgabatda belläpdik.

Ýelizaweta II borja gulluk etmegiň we ýadawsyz zähmet çekmegiň nyşany boldy. Ol döwlet gullugynyň ýörelgelerine sarpa goýýardy. Şoňa görä-de, onuň aradan çykmagy biziň ählimiz üçin uly ýitgidir. Bize, biziň halkymyza, Arkalaşygyň agza ýurtlaryna hem-de bütin dünýäniň adamlaryna Onuň Alyhezreti Ýelizaweta II-siz ýaşamaga öwrenişmek üçin köp wagt gerek bolar. Bu bolsa örän gynançlydyr.

Men tüýs ýürekden gynanç bildirendikleri üçin kärdeşlerime, hyzmatdaşlara we Türkmenistanda ýaşaýan dostlarymyza ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Aslynda, eger Onuň Alyhezretiniň dolandyran döwrinde bolan wakalary ýatlasak, dünýäde örän köp üýtgeşmeleriň bolup geçendigini nygtamak bolar.

Şa zenan Ýelizaweta II-niň dolandyran 70 ýylynyň dowamynda biz Ikinji jahan urşunyň tamamlanmagynyň, älem giňişligine syýahatçylygyň başlanmagynyň, Berlin diwarynyň ýykylmagynyň, ählumumy pandemiýanyň tamamlanmagynyň şaýatlary bolduk. Onuň Alyhezreti şu özgertmeleriň ählisiniň barşynda biz üçin dowamatlylygyň nyşanyna öwrüldi.

Indi bolsa Beýik Britaniýada we Demirgazyk Irlandiýada täze monarh tagta geçer. Şazada Çarlz patyşa diýilip yglan ediler hem-de Onuň Alyhezreti Ýelizaweta II-niň uzak wagtyň dowamynda birkemsiz dolandyran wezipesini ýerine ýetirmegi dowam eder.

Bu bolsa biziň ýurdumyz, biziň Arkalaşygymyz we biz – Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri üçin täze döwür bolar. Ýöne, biz öňümizdäki birnäçe günüň dowamynda Onuň Alyhezretiniň aradan çykmagynyň ýasyny tutarys hem-de Onuň Alyhezretiniň mynasyp bolan derejesinde ýatlanylmagy üçin alada ederis.

Men bu ýerde, Beýik Britaniýanyň ilçihanasynda elimize gowşan gynanç sözleri beýan edilen hemme hatlar üçin örän minnetdardyryn. Biziň şu agyr hasratly döwrümizde gynançlaryny beýan edýän adamlaryň örän köpdüginiň şaýady bolmagymyz bize örän güýçli täsir etdi.

Bize öz gynançlaryny beýan etmek isleýänler bolsa Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň web-saýtyna girip bilerler, şol ýerden olar hat ugradyp boljak elektron poçtanyň salgysyny taparlar. Biziň şu hasratly günlermizde goldawlary üçin biz ähli türkmenistanlylara minnetdardyrys.

Biz üçin şu agyr döwürde Onuň Alyhezreti Ýelizaweta II-niň aradan çykmagy zerarly, gynanç sözler beýan edilen köpsanly hatlary almagymyz -- munuň özi bütin dünýäde, şeýle hem bu ýerde, Türkmenistanda şa zenan Ýelizaweta II-ni neneňsi söýendiklerine we hormatlandyklaryna şaýatlyk edýär. Bu bolsa örän uly zatdyr. Men dostlarymyza, hyzmatdaşlara hem-de hasratly we gynançly pursatlarymyzda medet beriji sözleri ýollanlaryň ählisine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin.

Biz tagta geçmek çäresiniň ýakyn wagtda geçirilmegine garaşýarys. Munuň özi patyşalygyň häzirki zaman taryhynda täze sahypa bolup, halkymyzyň geljegini kesgitlär. Öňümizdäki birnäçe günüň dowamynda biz, elbetde, şa zenan Ýelizaweta II-niň aradan çykmagynyň gynanç bilen hastatyny çekeris, halkymyz bilen birlikde ýas çärelerini berjaý ederis...

Your browser does not support HTML5 video.

* * *

Interwýu tamamlanandan soň, biz ORIENT-iň işgärleriniň we saýtymyzyň okyjylarynyň adyndan şa zenan Ýelizaweta II-niň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna hem-de Beýik Britaniýanyň Birleşen Patyşalygynyň we Demirgazyk Irlandiýanyň ähli raýatlaryna ýene-de bir gezek çuňňur gynanjymyzy beýan etdik.

Your browser does not support HTML5 video.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026
Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

22:39 Iýun 18, 2026