Ýüpek, kümüş we şa köşkleriniň kenizlerine mahsus gymmat bahaly daşlar – Aşgabatdaky modalar hepdeliginiň jemleýji tapgyry


Aşgabatdaky modalar hepdeliginde görkezilen egin-eşikleriň dizaýnerçilik toplumlarynyň esasy görkezilişi “Mähirli Zenan”-yň lybaslarynyň görkezilmegi bilen jemlenildi.

Taýýarlanylan wideoşekilleriň wagtyň geçmegi bilen has könelişen ýaly görünýän ak-gara görnüşli şekillerden başlaýşyny geň görmäň, ol birdenkä, häzirki günüň dury we owadan reňkli görnüşlerine geçýär.
Ony döredenler şeýle usul bilen bezeg altyn-kümüş şaýlarynyň hem-de türkmenleriň milli egin-eşikleriniň gadymydygyny nygtamak islediler. Şolar wagtyň we giňişligiň jümmüşinden amaly-haşam sungatyny alyp geldiler.
Ýedi günüň dowamynda däp-dessurlar modalaryň görkezilýän münberinde esasy ugur boldy. Has ýokary derejede ünsi çeken işler bolsa – ussatlyk we nepislik bilen ýerine ýetirilen el işleri boldy.
Munuň özi ussat türkmen gelin-gyzlary tarapyndan iň ýokary sungat derejesine ýetirilen iň gadymy bezeg usullarynyň biri bolup, islendik matany gymmatly lybasa öwürýär.

Şa zenana kenizleriniň mahsus bolmalydygy sebäpli, öwşün atýan, göze ýakymly, akyp barýan çeşme kimin we dokalan ýüpekler hem-de görnükli we artykmaçlygy bolmadyk görnüşdäki sazlaşyklykda beýleki asyyly “materialar” öz mynasyp ornuna eýe boldular.

Islendik ugurda aýratyn sarpa goýulýanlar bolýar. Şolar hökmünde “Mähirli Zenan” modalar öýüniň egin-eşikler toplumyndaky lybaslaryň öwüşginlerini mynasyp diýip agzap bolar. Olar hem hakyk, ýakut, zümerret, ametist, goýy gök reňkli we aýna ýaly dury gymmatbaha tebigy daşlaryň kalba salýan rahat we baý kanagaty bilen özüne çekýär.

Mundan başga-da şa zenanyň täji bolmalydyr. Kümüşden taýýarlanylan iri, köpgatly zergärçilik bezegleri gözelligiň şeýle ajaýyp täji bolup hyzmat etdi.
Bularyň hemmesine Moda hepdeligi-2022-niň çäreleriniň dowamynda ähli aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary syn etdiler. Bu çärä Aşgabadyň Modalar öýleriniň geýimleriň nusgalaryny iň oňat taýýarlaýjylary we bezegçileri gatnaşdylar.

Olaryň netijeleri nähili boldy? Bu barada Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýasynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa gürrüň berýär.
Ildeşlerimiz bilen birlikde, daşary ýurtly myhmanlar hem gören zatlaryndan guwanç we gizläp bolmajak kanagatlanma duýgularynna beslendiler.

– Men Pakistanyň ilçihanasyndan – diýip, moda görkezilişiniň ähli tapgyrlaryny synlamaga gatnaşan myhmanlaryň biri aýdýar. – Meni bu ýere çagyrdylar we men bu baýramçylygyň bir bölegi bolýandygyma örän şat. Türkmen halkynyň milli egin-eşikleriniň ýokary derejeli sungatyny görmek, geçmişde adamlaryň neneňsi geýnendiklerini hem-de döwürdeşlerimiziň häzirki wagtda nähili geýinýändiklerini bilmek ajaýypdyr.

– Men türkmen geýim nusgalaryny taýýarlaýjylarynyň täsin lybaslar toplumyny görüp çäksiz begendim – diýip, Türkmenistanyň myhman zenany sözüni dowam edýär. – Bezegçiler täsin işleri ýerine ýetiripdirler, şoňa görä-de, Modalar hepdeliginiň çäreleri ajaýyp boldy.

Men Türkmenistanyň we Pakistanyň halklarynyň medeniýetinde köp meňzeşlikleriň bardygyny görýärin: tikilen el işlerinde, zenanlaryň elde taýýarlanan ýaglyklarynda, we hatda şu günlerimizde biziň dakynýan gyňaçlarymyzda-da umumylyklar bar... Şeýle baýramçylygyň şaýady bolmak örän ajaýyp.
ORIENT news
Foto we wideo: Süleýman Çaryýew








