HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Astrahanda Hazar mediaforumda “Serhetsiz Hazar” bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanar

Sentýabr 08, 2022 | 09:32 |7786
8-nji sentýabrda Astrahanda öz işine başlajak VII Halkara Hazar mediaforumyna gatnaşyjylar häzirki zamanyň media ulgamyny hem-de onuň täze durmuş-ykdysady şertlerdäki işleriniň aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşarlar.8-nji sentýabrda Astrahanda öz işine başlajak VII Halkara Hazar mediaforumyna gatnaşyjylar häzirki zamanyň media ulgamyny hem-de onuň täze durmuş-ykdysady şertlerdäki işleriniň aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşarlar.
Çeşme:

8-nji sentýabrda Astrahanda öz işine başlajak VII Halkara Hazar mediaforumyna gatnaşyjylar häzirki zamanyň media ulgamyny hem-de onuň täze durmuş-ykdysady şertlerdäki işleriniň aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Duşuşygyň maksatnamasyna pikir alyşmalar, ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikler, ussatlyk sapaklary hem-de beýleki işewür we dynç alyş çäreler girizildi diýip, TASS habar berýär.

9-njy sentýabrda, forumyň esasy iş gününde, 10-dan gowrak işewür we beýleki duşuşyklar meýilleşdirildi. Şolaryň hatarynda “Köpçülikleýin kommunikasiýalaryň ýagdaýlary we çagyryşlary”, “Trewel-žurnalistleriniň we pikirleri öňe sürmegiň liderleriniň ligasy” diýen ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikler, “Mazmunlar vs görnüşler” atly pikir alyşmalar, internet torlaryndaky işler barada ussatlyk sapaklary hem-de köp sanly beýleki wakalar bar. Olara Hazarýaka ýurtlarynyň habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem RF-niň sanly ösüş, aragatnaşyk we köpçülikleýin kommunikasiýalar minstrliginiň orunbasary Bella Çerkesowa hem-de RF-niň DIM-niň maglumat we metbugat departamentiniň direktory Maria Zaharowa gatnaşarlar.

Guramaçylar çärä ýygnananlaryň meşhur žurnalistler, fotosuratçylar, blogerler, syýasatşynaslar, şeýle hem Russiýanyň we Hazar sebiti ýurtlarynyň jemgyýetçilik guramalarynyň liderleri bilen gönüden-göni gürrüňdeş bolmaga mümkinçilik alarlar. Mediaforumyň saýtynda Russiýanyň 17 sebitinden hem-de ýurtlaryň altysyndan gatnaşjaklaryň 300-den gowragy bellige alyndy. Şolaryň hatarynda dürli ýurtlaryň iri KHBS-leriniň 50-den gowragynyň baş redaktorlary we ýolbaşçylary bar.

Победителей конкурса «Каспий без границ» наградят в Астрахани на Каспийском медиафоруме

Şeýle hem 9-njy sentýabrda mediaforumyň çäklerinde “Serhetsiz Hazar” diýen iň oňat žurnalistik iş üçin bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçiriler. Bu bäsleşik birnäçe: “Hazaryň fotosuraty”, “Adam we deňiz”, “Hazaryň ýurtlaryny açyp”, “Hazar – saglygyň çäkleri”, “Täze garaýyş” diýen ugurlar boýunça geçirildi. Şu ýyl döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga Azerbaýjandan, Gazagystandan, Russiýadan we Türkmenistandan adamlaryň 43-si isleglerini beýan etdiler. Olar 162 sany işleri arkaly gatnaşmak üçin 113 sany haýyşnama berdiler.

ORIENT saýtynyň žurnalisti hem ýaryşa gatnaşyp, finala çykanlaryň hataryna düşdi. 9-njy sentýabrda bäsleşigiň eminleri ýeňijileriň atlaryny yglan ederler hem-de olaryň arasynda orunlary paýlarlar.

Forumy geçirmek pikiri 2014-nji ýylda Hazar deňzi ýurtlarynyň “bäşliginiň” – RF-niň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Türkmenistanyň sammitinde peýda boldy, ol ilkinji gezek 2015-nji ýylda Astrahanda geçirildi. Forumyň geçirilýän döwrüniň dowamynda Astrahan oblastynda Hazar redaksiýasy we Hazar bilermenler kluby döredildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026
Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

22:39 Iýun 18, 2026