HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda inklýuziw sport festiwaly geçiriler

Sentýabr 08, 2022 | 07:09 |5999
Ýene bir güýz baýramy – “Biz güýçli, biz deňdiris" atly inklýuziw (ösüş aýratynlyklary bar bolan adamlaryň gatnaşmagyny göz öňünde tutýan) sport festiwaly 17-nji sentýabrda paýtagtyň Olimpiýa şäherçesinde geçiriler we bu çäre Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agzalygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar.Ýene bir güýz baýramy – “Biz güýçli, biz deňdiris" atly inklýuziw (ösüş aýratynlyklary bar bolan adamlaryň gatnaşmagyny göz öňünde tutýan) sport festiwaly 17-nji sentýabrda paýtagtyň Olimpiýa şäherçesinde geçiriler we bu çäre Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agzalygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar.
Çeşme:

Ýene bir güýz baýramy – “Biz güýçli, biz deňdiris" atly inklýuziw (ösüş aýratynlyklary bar bolan adamlaryň gatnaşmagyny göz öňünde tutýan) sport festiwaly 17-nji sentýabrda paýtagtyň Olimpiýa şäherçesinde geçiriler we bu çäre Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agzalygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar.

Bu üýtgeşik çäre hemmeleri, şol sanda aýratyn zerurlyklary bolanlary hem bir ýere jemlär, şonuň üçin oňa gatnaşyjylar diňe bir egin-egne berip, ýaryşman, eýsem birek-biregi bilen has gowy düşünişmäge mümkinçilik alarlar, töweregindäkileriň kynçylyklaryny duýarlar. Bu barada köplenç halatda adamlaryň käbiri pikir hem etmeýär.

Olar üçin sportuň dürli görnüşleri boýunça açyk türgenleşikler we ussatlyk sapaklary, basketbol, woleýbol, futbol, stol tennisi we küşt üçin interaktiw oýun meýdançalary gurnalar. Baýramçylyk ýagdaýynda ýetginjekler bilen mümkinçilikleri çäkli ýaşlar we olaryň ene-atalary birleşip, bu özboluşly ajaýyp güni bilelikde geçirip bilerler.

Инклюзивный фестиваль спорта пройдет в Ашхабаде

Festiwalyň esasy maksady – ösüş aýratynlyklary bolan adamlaryň jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmagynyň ähmiýetini görkezmek, adaty we “aýratyn” adamlaryň bilelikde sport bilen meşgullanmagyny göz öňünde tutýan inklýuziwligi wagyz etmek we ýaýratmak bolup durýar.

Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde BMG-nyň Türkmenistandaky wekilleri bilen bilelikde "Ýeňme" jemgyýetçilik guramasy, Türkmenistanyň Maýyplar üçin merkezi bedenterbiýe we sport kluby, Maýyplara goldaw merkezi, Körler we kerler jemgyýeti, DÖM-nyň ilçileri, körler üçin küşt merkezi we "Agama" jemgyýetçilik kluby baýramçylyk çäresiniň guramaçylary bolup çykyş edýärler. Giriş mugt.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026