TDHÇMB-niň söwdalary: dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalanyldy


Duşenbe güni, 5-nji sentaýbrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $16,9 million bolan 5 geleşik baglaşdy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Gangonkyň we Owganystanyň wekilleri umymy bahasy $7,3 million deň bolan gidro usulda arassalanan dizel ýangyjynyň jemi 7,4 müň tonnasyny satyn aldylar. Harydyň bahasy ozal geçirilen söwdalardaky bilen deňeşdirilende, 11% pese düşdi hem-de bir tonnasynyň bahasy $997,25 deň boldy.
Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri L-0,2-62 görnüşli dizel ýangyjynyň 10 müň tonnasyny satyn almak üçin geleşikleri baglaşdylar. Nebit önüminiň bahasy ozal baglaşylan şertnamalar bilen deňeşdirilende, 16,7% pese düşdi hem-de bir tonnasynyň bahasy $953,25 deň boldy.
Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.
Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.
ORIENT news
Foto: freepik.com








