HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: eksporta ýakyş mazudy ýerlenildi

Sentýabr 03, 2022 | 06:37 |9530
Penşenbe güni, 1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $16,5 million we 15 million manat bolan 4 geleşik  baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Penşenbe güni, 1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $16,5 million we 15 million manat bolan 4 geleşik  baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Penşenbe güni, 1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $16,5 million we 15 million manat bolan 4 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Maltanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewürleri umumy bahasy $16,5 milliona barabar bolan jemi 30 müň tonna az kükürtli ýakyş mazudyny satyn aldylar. Alyjylar nebit önüminiň bir tonnasynyň nyrhyny $551 bahalandyrdylar.

Türkmenistanyň wekili söwdalaryň dowamynda Russiýadan bolan satyjydan A500S görnüşli armaturanyň 1 müň tonnasyny satyn aldy. Geleşik Türkmenistanyň milli pulunda baglaşyldy. Alyjy rus tarapyna 15 million türkmen manadyny (armaturanyň her tonnasy üçin 15 müň TMT) töledi.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026
Kumamoto prefekturasyndaky ýertitremede pida bolanlaryň sany 38 adama ýetdi

Kumamoto prefekturasyndaky ýertitremede pida bolanlaryň sany 38 adama ýetdi

13:30 Awgust 03, 2026
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026