Türkmenistanyň DIM-niň HGI-i: baş sapak – watançy bolmak


Biziň köpimiz “Birinji sentýabr” sözüni eşideninde, dessine körpeje birinji synp okuwçylary hem-de tomsuň dowamynda boýlary duýdansyz ösen ýokary synp okuwçylary göz öňüne getirýär.
Emma, bu baýramçylyk bolsa diňe bir mekdep okuwçylarynyňky däl, eýsem okuw derejesi boýunça olaryňkydan ýokary bolan ýoldaşlarynyň hem baýramçylygydyr. Olar üçin hem bu gün şonuň ýaly şadyýan we göçgünli baýramçylykdyr. Şol bir wagtda-da biraz gamly baýramdyr. Sebäbi olaryň käbirleri birinji ýyllyk talyplar hökmünde ýokary okuw mekdebiniň işiginden ilkinji gezek ätlediler, beýlekiler bolsa şu derejede özleriniň mähriban alma materine – çeper aýdanyňda “ylymlar halypasyna” soňky gezek geldiler.
Olaryň hem, beýlekileriň hem öňünde göýä tükenmez ömre meňzeş ägirt uly mümkinçilik açylýar. Munuň özi kiçeňräk derýadan gaýykda ýüzüp barýana meňzeýär -- sag tarapyňda kenar ýakyn, çep tarapyňda-da şonuň ýaly. Ýüzüp barýarsyň hem-de suwuň aşak ýüzünde görünmeýän gum üýşmek depäniň üstünden baraýmaýyn diýip pikir edýärsiň.
Birdenkä derýa tamamlanýar we gaýyk deňze çykýar – indi saňa kenarlarda ýok, suwuň pes ýeri-de. Şunuň ýaly ýagdaý gözýetimiň ahyryna çenli dowam edýär. Bu bolsa tükenmez ömrüň häsiýetine mahsuslykdyr...
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar instituty ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleri ýaly, hemmeler – birinji ýyllyk talyplar üçin bolşy ýaly, şu okuw ýylynyň uçurumlary üçin hem möhüm bolan bu güne düýpli taýýarlyk gördi.
Ir ertirden ak mermerli binanyň öňünde ýurdumyzyň ýokary diplomatik mekdebiniň talyplary dabaraly nyzama düzüldiler.

Türkmenistanyň daşary syýasat ulgamynyň geljekki hünärli işgärleriniň öňünde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow, ýokary okuw mekdebiniň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, şeýle hem milli diplomatik mekdebi esaslandyryjylaryň biri, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, professor Amangeldi Rahmanow çykyş etdiler.
Ýokary okuw mekdebiniň ýakyn dosty hem-de uzak bolmadyk döwürde professor-mugallymlar düzüminiň hatarynda bolan egindeşi – ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli toparyň sekretary, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Çynar Rüstemowa hormatly myhmanlaryň hatarynda boldy.

Talyplaryň özi barada aýdylanda bolsa, olar ýaş, hyjuwly oglan-gyzlaryň bu baýramynda diňe bir tomaşaçy bolmadylar. Olar güýçlerini we yhlaslaryny gaýgyrman, mugallymlaryna we deň-duşlaryna sowgat taýýarladylar. Ol sowgat, diplomatlara mahsus bolşy ýaly, dürli dillerde beýan edilen aýdym-sazly-edebi kompozisiýa boldy.
Bilelikdäki döredijiligiň awtorlary – ikisany ikinji ýyllyk talyplar, ýerine ýetirijiler bolsa – üns beriň: ýokary diplomatik mekdebiniň işiginden şu gün ilkinji gezek ätlän ýaşlar (giriş synaglarynyň örän aladaly-dartgynly günlerini hasap etmäniňde-de).
Halkara gatnaşyklary institutyna okuwa girenleriň arasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyzyň wekilleri bar. Olaryň hatarynda diňe bir milli däl, eýsem halkara bäsleşikleriniň we olimpiadalarynyň ýeňijileri hem bar.

Düýnki mekdep okuwçylary, häzir bolsa “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly örän ähmiýetli bolan bäsleşige gatnaşan birinji ýyllyk talyplara aýratyn üns berildi.
Olary diňe bir ýüzlerinden däl, eýsem atlary boýunça hem tanaýarlar. Olar diňe bir ýokary okuw mekdebinde däl, Türkmenistanyň köp künjeklerinde-de tanalýar, çünki geçen okuw ýylynyň dowamynda geçirilen bu dartgynly hem-de gyzykly bäsleşik hyjuwy bilim janköýerleriniň güýç synanyşmalarynyň ahyryna çenli saklap, olaryň deň-duşlarynyň hem, uly ýaşly adamlaryň hem ünsüni özüne çekdi.

Üçünji ýyllyk talyplar (bu bolsa ýokary okuw mekdebiniň ölçegleri boýunça eýýäm aksakallar) Türkmenistanyň diplomatik ulgamy üçin işgärleri taýýarlaýan esasy okuwyň – ýokary okuw mekdebiniň özboluşly mana eýe bolan açaryny we diplomyny täze talyplara usullylyk hem-de buýsanç bilen gowşurdylar.

Zehinleriň döredijilik tanyşdyrmasy bolsa birinji ýyllyk talyplar üçin watançylyk mazmunly ilkinji ders sapagy bilen tamamlandy.

Bu bolsa öz-özünden düşnüklidir, çünki Garaşsyz Bitarap döwletiň her bir talyby, ilkinji nobatda, ýurdunyň watançysy bolmalydyr.
Şu hem ýurdumyzyň ýokary diplomatik mekdebiniň talyplarynyň alan baş sapagydyr.

ORIENT news








