HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmäge geleşikler baglaşyldy

Sentýabr 01, 2022 | 05:52 |9059
Sişenbe güni, 30-njy awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $17,7 million we 1,6 million manat bolan 13 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Sişenbe güni, 30-njy awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $17,7 million we 1,6 million manat bolan 13 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Sişenbe güni, 30-njy awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $17,7 million we 1,6 million manat bolan 13 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Türkiýäniň we Owganystanyň wekilleri 14,2 müň tonna gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny jemi $15,9 million satyn aldylar. Nebit önüminiň bahasy öňki söwdalardaky bilen deňeşdirilende 7,8% ýokarlandy we bir tonnasynyň bahasy $1 121,25 deň boldy.

Owgan işewürleri 3 müň tonna suwuklandyrylan tebigy gazy jemi $1,6 million satyn aldy. Şol bir wagtyň özünde STG-niň bahasy öňki baglaşylan geleşikler bilen deňeşdirilende 3,4% ýokarlandy.

Gyrgyzystandan gelen işewür söwdalaryň dowamynda nah ýüplüklerini $235,9 müň satyn aldy. BAE-niň wekili 1,6 million manada nah ýüplük almak üçin milli pulda geleşik baglaşdy.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026