TDHÇMB-niň söwdalary: dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmäge geleşikler baglaşyldy


Sişenbe güni, 30-njy awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $17,7 million we 1,6 million manat bolan 13 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Türkiýäniň we Owganystanyň wekilleri 14,2 müň tonna gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny jemi $15,9 million satyn aldylar. Nebit önüminiň bahasy öňki söwdalardaky bilen deňeşdirilende 7,8% ýokarlandy we bir tonnasynyň bahasy $1 121,25 deň boldy.
Owgan işewürleri 3 müň tonna suwuklandyrylan tebigy gazy jemi $1,6 million satyn aldy. Şol bir wagtyň özünde STG-niň bahasy öňki baglaşylan geleşikler bilen deňeşdirilende 3,4% ýokarlandy.
Gyrgyzystandan gelen işewür söwdalaryň dowamynda nah ýüplüklerini $235,9 müň satyn aldy. BAE-niň wekili 1,6 million manada nah ýüplük almak üçin milli pulda geleşik baglaşdy.
Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.
Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.
ORIENT news








