Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Türkmenistan multimodal ugur boýunça Hytaýa buýan köküniň uly tapgyryny ýetirdi

Awgust 31, 2022 | 23:23 |14347
Bir Kuwwat türkmen kompaniýasy Hytaýyň Shanxi Investment Group International Logistics Co Ltd kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda multimodal ugur boýunça Türkmenistandan Hytaýa 850 tonna buýan köküniň iberilmegini üpjün etdi.Bir Kuwwat türkmen kompaniýasy Hytaýyň Shanxi Investment Group International Logistics Co Ltd kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda multimodal ugur boýunça Türkmenistandan Hytaýa 850 tonna buýan köküniň iberilmegini üpjün etdi.
Çeşme:

Bir Kuwwat türkmen kompaniýasy Hytaýyň Shanxi Investment Group International Logistics Co Ltd kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda multimodal ugur boýunça Türkmenistandan Hytaýa 850 tonna buýan köküniň iberilmegini üpjün etdi.

Ýük Türkmenabatdan ugradyldy we ilki bilen Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna getirildi. Soňra ol deňiz ýoly arkaly Gazagystanyň Aktau şäherine çenli iberildi. Şol ýerden ýük demirýol ulagy arkaly HHR-de Horgos serhet stansiýasyndan geçdi hem-de şondan bellenen nokadyna – Sian şäherine gelip gowuşdy.

Ýüki daşamak üçin ulanylan multimodal geçelgeler boýunça ýolda bolmagyň ortaça wagty iberilen seneden başlap 15-20 gije-gündize barabardyr. Bu bolsa awtomobil, deňiz we demirýol ulaglarynyň peýdalanylmagy bilen Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň ulag mümkinçilikleriniň hereketiniň netijesinde mümkin boldy.

FOTO2-31082022solodkakitay.jpg

Hytaý kompaniýasynyň wekilleri täze multimodal ugur boýunça ýüküň ilkinji gezek üstünlikli getirilmegi bilen türkmen kärdeşlerini gutlaýarlar

31-nji awgustda Hytaýyň gadymy paýtagtyna gelip ýeten 42 konteýnerden ybarat demirýol otlusy S.A. Nyýazow adyndaky “Buýan” oba senagat toplumynda öndürilen türkmen buýan köküni alyp geldi.

Türkmen önümi ýokary hili hem-de düzüminde biologik taýdan işjeň maddalaryň köp möçberiniň bolmagy bilen HHR-niň alyjylaryny özüne çekdi. Buýanyň baryp gadymy Hytaýda hem dermanlyk serişdesi hökmünde belli bolmagy bilen baglylykda, bu gün hytaýlylar Türkmenistandan getirilen buýan köküniň häsiýetlerine ýokary baha berýärler we bu önümiň importyny artdyrmaga gyzyklanma bildirýärler.

Ýüki ýetiren Bir Kuwwat türkmen kompaniýasy Türkmenistanyň çäklerinde bolşy ýaly GDA-nyň, ÝB-niň we Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlaryna hem ýükleri üstaşyr ibermegi guramak boýunça hyzmatlaryň giň gerimini üstünlikli ýerine ýetirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026