HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: eksporta uçar kerosini we karbamid ýerlenildi

Awgust 31, 2022 | 07:02 |9400
Duşenbe güni, 29-njy awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $18,1 million we 416,4 müň manat bolan 7 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Duşenbe güni, 29-njy awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $18,1 million we 416,4 müň manat bolan 7 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Duşenbe güni, 29-njy awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $18,1 million we 416,4 müň manat bolan 7 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Beýik Britaniýanyň, BAE-niň hem-de Wirgin adalarynyň işewürleri jemi 13,4 müň tonna TS-1 görnüşli uçar kerosinini satyn aldylar. Ýangyjyň bahasy ozalky söwdalardaky bilen deňeşdirilende, 3,9% ýokarlandy we bir tonnasynyň bahasy $1 227,25 deň boldy. Geleşikleriň umymy bahasy $16,5 milliondan geçdi.

Azerbaýjanyň we Owganystanyň wekilleri “Marykarbamid” zawodynda öndürilen “B” görnüşli ýokary derejeli karbamid satyn aldylar, onuň bir tonnasynyň bahasy $434,50 deň bolup, soňky söwdalardaky bilen deňeşdirilende, 1,8% pese düşdi. Eksporta jemi $1,7 million bolan önümiň 4 müň tonnasy ýerleniler.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler 414 müň manatlyk Т60-475-119 görnüşli ýokary dykyzlykly polietileniň 23 tonnasyny hem-de 2,4 müň manatlyk elde dokalan halylary satyn aldylar.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026