HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Demirýollary” we Türkmenbaşy porty ýük dolanyşygyny ýylda 400 müň TEU çenli artdyrar

Awgust 31, 2022 | 18:24 |16304
"Demirýollary" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýük daşamagyň ýylda 400,000 konteýner (TEU) möçberini gazanmagy meýilleşdirýärler."Demirýollary" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýük daşamagyň ýylda 400,000 konteýner (TEU) möçberini gazanmagy meýilleşdirýärler.
Çeşme:

"Demirýollary" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýük daşamagyň ýylda 400,000 konteýner (TEU) möçberini gazanmagy meýilleşdirýärler.

Munuň üçin ähli şertler bar. Pandemiýadan soňky konteýner dolanyşygy ähli ugurlarda, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň demirýol edaralary tarapyndan gol çekilen bäştaraplaýyn teswirnama laýyklykda ösýär. Şeýlelik bilen, bu ugur boýunça 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2 esse köp konteýner daşaldy.

Türkmenbaşy portunyň üsti bilen diňe Azerbaýjan-Türkmenistan-Özbegistan ugry boýunça şu ýylyň 8 aýynda daşalan ýüküň möçberi 389,73 müň tonna ýetdi, şunlukda, ösüş Özbegistan tarapa – 188% deň, garşylykly tarapa – ýedi esse töweregi boldy.

Şol döwürde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky demirýol arkaly daşalan eksport-import ýükleriň möçberi 1 million 383 müň tonnadan gowrak boldy we iki ýurduň çäginden üstaşyr daşalan harytlaryň möçberi dört esse ýokarlandy.

Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň demirýol edaralarynyň ýolbaşçylary bu ugruň netijeliligini ýokarlandyrmak we dürli proseduralary ýeňilleşdirmek arkaly harytlaryň daşalyşyny çaltlaşdyrmak üçin gepleşikleri yzygiderli geçirip durýarlar. Bu geçelge Hytaýdan we Merkezi Aziýadan Ýewropa we yzyna konteýnerli ýük daşamakda geljegi has uly geçelgeleriň biridir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026