HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Walentina Matwiýenko: Russiýada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň sapar bilen gelmegine garaşylýar

Awgust 30, 2022 | 06:32 |12959
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýada resmi sapar bilen gelmegine garaşylýar. Bu barada duşenbe güni RF-niň parlamentiniň ýokary palatasynyň ýolbaşçysy Walentina Matwiýenko türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda aýtdy.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýada resmi sapar bilen gelmegine garaşylýar. Bu barada duşenbe güni RF-niň parlamentiniň ýokary palatasynyň ýolbaşçysy Walentina Matwiýenko türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda aýtdy.
Çeşme:

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýada resmi sapar bilen gelmegine garaşylýar. Bu barada duşenbe güni RF-niň parlamentiniň ýokary palatasynyň ýolbaşçysy Walentina Matwiýenko türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda aýtdy.

RF-niň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyny Russiýanyň IV derejeli “Watan öňünde bitiren hyzmatlary üçin” diýen ordeni bilen sylaglanmagy bilen gutlap, şu mynasybetli Prezident Wladimir Putinden gutlag sözlerini ýetirdi. Walentina Matwiýenko dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerinde döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly goşandyny belledi.

Türkmen Parlamentiniň ýokary palatasynyň Başlygy sylagy Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň köp ýyllaryň dowamynda bilelikde geçen döredijilikli ýoluna berlen ýokary baha hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna Wladimir Putiniň ajaýyp goşandyny nygtady.

Parlamentleriň ýolbaşçylary giň gerimli ikitaraplaýyn gün tertibini öňe ilerletmek üçin iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň özara gatnaşyklarynyň eýeleýän möhüm ornuny bellediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026