HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen DIM-niň ýolbaşçysyna Özbegistanyň ordeni, özbek diplomatlaryna bolsa türkmen ordeni gowşuryldy

Awgust 27, 2022 | 07:03 |10745
Anna güni DIM-de türkmen-özbek syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry tamamlanandan soň, özbek diplomatlaryna Türkmenistanyň döwlet sylaglaryny – “Galkynyş” ordenini gowşurmak dabarasy boldy.Anna güni DIM-de türkmen-özbek syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry tamamlanandan soň, özbek diplomatlaryna Türkmenistanyň döwlet sylaglaryny – “Galkynyş” ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Çeşme:

Anna güni DIM-de türkmen-özbek syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry tamamlanandan soň, özbek diplomatlaryna Türkmenistanyň döwlet sylaglaryny – “Galkynyş” ordenini gowşurmak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, “Galkynyş” ordenine Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Howupsyzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Baştutanynyň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili bolup durýan Abdulaziz Kamilow mynasyp boldy. Ol bu döwre çenli, 1994-2003 we 2012-2022-nji ýyllarda Özbegistanyň daşary işler ministri bolup işledi we bu wezipede türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly goşandyny goşdy.

Главе туркменского МИД вручили орден Узбекистана, узбекским дипломатам – туркменский орден

Şeýle hem “Galkynyş” ordeni Özbegistanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Wladimir Norowa gowşuryldy.

Главе туркменского МИД вручили орден Узбекистана, узбекским дипломатам – туркменский орден

Türkmen tarapy ikitaraplaýyn özara hereketleri ösdürmekde, däp bolan hoşniýetli goňşyçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda özbek hyzmatdaşlarynyň möhüm goşandyny belledi.

Türkmenistanyň wise-premýerine, daşary işler ministri Raşid Meredowa Özbegistan respublikasynyň döwlet sylagy -- “Dustlik” ordeni gowşuryldy.

Главе туркменского МИД вручили орден Узбекистана, узбекским дипломатам – туркменский орден

Özbegistanyň Prezidenti tarapyndan “Dustlik” ordeni bilen sylaglamak baradaky Permana baryp 2021-nji ýylyň awgust aýynda gol çekildi. Ine, bu gün bolsa dostlugy, doganlygy hem-de iki halkyň wekilleriniň arasyndaky özara ylalaşygy pugtalandyrmak boýunça işlerde gazanan üstünlikleri, döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşandy üçin bu sylagyň gowşurylyş dabarasyny geçirmek mümkinçiligi döredi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026