HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda takmynan 5 trillion kub metr gaz ätiýaçlygy bolan 149 sany gaz ýatagy tapyldy

Awgust 25, 2022 | 19:05 |19125
Türkmenistanda ätiýaçlyklary 4,97 trillion kub metrden gowrak bolan gaz we gaz kondensat ýataklarynyň  149-ysy tapyldy.Türkmenistanda ätiýaçlyklary 4,97 trillion kub metrden gowrak bolan gaz we gaz kondensat ýataklarynyň  149-ysy tapyldy.
Çeşme:

Türkmenistanda ätiýaçlyklary 4,97 trillion kub metrden gowrak bolan gaz we gaz kondensat ýataklarynyň 149-ysy tapyldy. Bu barada Russiýanyň “Praým” ykdysady maglumat gullugy türkmen KHBS-ne salgylanyp, habar berýär.

Habarda "Türkmenistanda ätiýaçlyklary 4,970,768 million kub metr bolan 149 sany gaz we gaz kondensat ýatagy, şol sanda gury ýerde – 139-ysy, Hazar deňzinde – 10-usy tapyldy" diýilýär.

Şeýle-de onda: "Ätiýaçlygy 2,6 milliard kub metrden gowrak bolan 54 sany ýatak özleşdirilýär, 11 sany ýatak özleşdirilmäge taýýar edildi, 73 sany ýatakda gözleg işleri alnyp barylýar, 11-isi bolsa konserwirlenen ýagdaýda saklanýar" diýlip bellenýär.

“Praým” şeýle hem, ýurtda “Türkmengaz”, “Türkmennebit” Döwlet konsernleriniň we “Turkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasynyň gaz öndürýändigini, umumy gaz önümçiliginiň 80 %-den gowragynyň “Türkmengaz”-yň paýyna düşýändigini belleýär.

Tebigy gaz gorlary boýunça Türkmenistan Russiýa, Eýran we Katar bilen birlikde dünýäde ilkinji dört ýurduň hataryna girýär. Türkmen gazynyň iň iri satyn alyjysy Hytaýdyr.

Nury AMANOW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026