ARCH-yň ýolbaşçysy Şeril Benard Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň myhmany boldy


ABŞ-nyň Owganystanda ylalaşdyrmak meseleleri boýunça ozalky ýörite wekili doktor Zalmaý Halilzad hem-de onuň maşgalasy doktor Şeril Benard sapar bilen Aşgabatda boldular.
Halilzad türkmen paýtagtyna täze derejede – Gryphon Partners kompaniýasyny esaslandyrjy hökmünde geldi. Ilkibaşdan Ýakyn Gündogara we Merkezi Aziýa niýetlenilen GP geljekde ösmekden ugur alyp hem-de serhet bazarlaryna tutuş dünýä boýunça öz işlerini giňeltdi.
GP işewürligi ösdürmekden başga-da, medeni mirasa degişli desgalary goramga uly üns berýär. Şeril Benard bolsa Kolumbiýa okrugynyň Waşington şäherinde ýerleşýän Medeni mirasy gaýtadan dikeltmek ugrundaky birleşige (ARCH) ýolbaşçylyk edýär.

Hanym Benard duşenbe güni Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hormatly myhmany bolup, ýokary diplomatiýa mekdebiniň bilim we jemgyýetçilik-aň-düşünje beriş işi bilen tanyşdy.

Ýokary okuw mekdebiniň baş binasynda gurnalan uly göwrümli etnografik türkmen ak öýi ABŞ-ly myhmanyň ilkinji nobatda uly ünsüni çeken ýer boldy. Däp bolan türkmen durmuşynyň ähli kanunlary boýunça gurnalan, ýöne, döwrebap sungat-giňişliginiň möçberine çenli laýyk getirilen bu meýdança Şeril Benardyň Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň çäkleri boýunça tanyşlyk gezelenjiniň başlangyç nokadyna öwrüldi. Ýeri gelende şu türkmen ak öýünde “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” diýen bilim bäsleşigine gatnaşyjylaryň oýunlarynyň hemme tapgyrlary geçirildi.

Tanyşlygynyň dowamynda ol, şeýle hem talyplar tarapyndan telegepleşikleriň ýazgysynyň alnyp barylýan, ýokary okuw mekdebiniň we ýurduň durmuşyndan reportažlar hem-de wideoşekiller üçin maglumatlaryň işlenilýän, timarlanylýan studiýasynda bolup gördi.

Myhman geljekki halkaraçy žurnalistler üçin döredijilik bölümleriniň ajaýyp derejede enjamlaşdyrylandygyna ýokary baha berdi, bu ýerde iň täze tehniki serişdeler we mümkinçilikler talyplaryň ygtyýarynda.

Şeril Benard ýokary okuw mekdebiniň kitaphanasyna hem-de ýerli muzeýine baryp gördi. Bu ýeri türkmen diplomatiýasynyň taryhyna gatnaşygy bolan täsin resminamalryň nusgalary bilen buýsanyp biler. Myhman hem şolary surata düşürmek pursadyny sypdyrmady.

Ýokary okuw mekdebiniň prorektory Gülşat Ýusupowa tanyşlyk gezelenjiniň dowamynda hanym Benarda ýokary okuw mekdeniniň alyp barýan işiniň ugurlary, onuň gazanan üstünlikleri we ösüş meýilnamalary barada gürrüň berdi.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň bu düzümleýin bölüminde alnyp barylýan seljerme işleri barada Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň Strategik barlaglar merkeziniň ýolbaşçysy Şiri Şiriýew gürrüň berdi.

Şeril Benard ýokary diplomatik mekdebinde bolmagyny tamamlap, beren interwýusynda özünde galan täsirleri paýlaşdy.
– Meniň Aşgabatda bolan ilkinji gezegim, eýýäm şol wagt meni şäheriň gözelligi haýran galdyrypdy. Men dostlaryma köplenç: “Siz Aşgabada hökman baryp görmeli! Ol üýtgeşik!” diýip aýdýaryn. Owadan binalar, ajaýyp suw çüwdürimleri haýrana goýýar! Aşgabat amerikalylar üçin heniz gelnip görülmeli özboluşly täze ýer bolup, açyşa öwrülýär, sebäbi men biziň ýurtlarymyzyň arasynda geljekde has ýakyn dostlukly gatnaşyklar üçin mümkinçilikler bar diýip hasaplaýaryn.

Ýokary okuw mekdebiniň infrastrukturasy örän täsin galdyrýar. Sizde u ýerde ajaýyp mümkinçilikler bar hem-de mysal üçin, HGI-de täzelikler studiýasy ýaly geljekki diplomatlar üçin okuw serişdeleriniň bolmagy ajaýypdyr, sebäbi ol, dogrudan-da, talyplara hünäriň häzirki zaman ukyp-başarnyklaryny almaga mümkinçilik berýär. Men haçan-da Türkmenistana indiki gezek gelenimde, siziň talyplaryňyzy eýýäm diplomly hünärmenler hökmünde iş başynda görmäge umyt edýärin.
ORIENT news








