TDHÇMB-niň söwdalary: hepdäniň dowamynda $30 million golaý geleşikler baglaşyldy


Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $29,7 million we 13,4 million manat bolan 36 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Sişenbe güni 25 geleşik baglaşyldy. Şweýsariýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Özabegistanyň we Owganystanyň telekeçileri bahasy $20,6 miilion bolan dürli görnüşli nebit önümlerini satyn aldylar.
Göni işlenen benzin (bir tonnasy $596,25), gidro usulda arassalanan dizel ýangyjy ($1 039,75), A-95 görnüşli awtoulag benzini ($880,25) we ТS-1 uçar kerosini ($1 1073) eksporta ýerlenildi.
Penşenbe güni Özbegistanyň wekili umumy bahasy $2,2 million deň bolan 5 müň tonna “B” kysymly karbamid (bir tonnasynyň bahasy $442,50), anna güni bolsa BAE-niň işewüri umumy bahasy $1,3 million bolan (bir tonnasy üçin $32,8 müň) 40 tonna “A” görnüşli tehniki ýod satyn aldy.
Şeýle hem geçen hepde TDHÇMB-niň söwdalarynda tüýjümek önümleri we nah ýüplükleri almaga geleşikler baglaşyldy. Şol önümleri Gyrgyzystanyň, Hindistanyň we Türkiýäniň wekilleri satyn aldylar.
Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.
Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.
ORIENT news








