HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: hepdäniň dowamynda $30 million golaý geleşikler baglaşyldy

Awgust 23, 2022 | 00:47 |8577
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $29,7 million we 13,4 million manat bolan 36 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $29,7 million we 13,4 million manat bolan 36 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $29,7 million we 13,4 million manat bolan 36 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Sişenbe güni 25 geleşik baglaşyldy. Şweýsariýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Özabegistanyň we Owganystanyň telekeçileri bahasy $20,6 miilion bolan dürli görnüşli nebit önümlerini satyn aldylar.

Göni işlenen benzin (bir tonnasy $596,25), gidro usulda arassalanan dizel ýangyjy ($1 039,75), A-95 görnüşli awtoulag benzini ($880,25) we ТS-1 uçar kerosini ($1 1073) eksporta ýerlenildi.
Penşenbe güni Özbegistanyň wekili umumy bahasy $2,2 million deň bolan 5 müň tonna “B” kysymly karbamid (bir tonnasynyň bahasy $442,50), anna güni bolsa BAE-niň işewüri umumy bahasy $1,3 million bolan (bir tonnasy üçin $32,8 müň) 40 tonna “A” görnüşli tehniki ýod satyn aldy.

Şeýle hem geçen hepde TDHÇMB-niň söwdalarynda tüýjümek önümleri we nah ýüplükleri almaga geleşikler baglaşyldy. Şol önümleri Gyrgyzystanyň, Hindistanyň we Türkiýäniň wekilleri satyn aldylar.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026