Aşgabatda täze seýilgäh zolagy dörediler, mekdep gurlar we köp hereketli ýol abatlaýyş işlerini geçirmek üçin ýapylar


Aşgabat şäher häkimligi paýtagtyň dürli ýerlerinde gurluşyk-gurnama işleri üçin materiallaryň we önümleriň satyn alynýandygyny habar berdi. Bu barada habar şu gün resmi türkmen metbugatynda peýda boldy.
Maglumatlara görä, täze seýilgäh zolagy “Garagum” myhmanhanasynyň we Aşgabat Halkara howa menziliniň golaýynda, Atamyrat Niýazow şaýoly bilen B.Hudaýnazarow adyndaky, Amyderýa we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň arasyndaky çäkde ýerleşmeli.

Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşýän Ýasmansalyk ýaşaýyş toplumynda 720 okuwçy üçin täze döwrebap umumybilim berýän mekdep gurmak meýilleşdirilýär.
Şeýle hem, gurluşyk işleri 10 ýyl Abadançlyk köçesiniň Ankara bilen B. Annanow adyndaky köçeleriniň arasyndaky böleginde amala aşyrylar. Şeýlelik bilen, köp köphereketli ýoluň, “Paýtagt” söwda merkezinden başlap köçäniň ahyryna çenli, ep-esli böleginiň petiklenmegine garaşylýar.

ORIENT news








