HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TNGIZT zyňyndylara gözegçiligiň awtomatik ulgamyny ornaşdyrmagy göz öňünde tutýär

Awgust 18, 2022 | 20:09 |15377
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hapalaýjy maddalaryň howa zyňylmagyny gözegçilikde saklamak we hasaba almak üçin awtomatlaşdyrylan ulgamy ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hapalaýjy maddalaryň howa zyňylmagyny gözegçilikde saklamak we hasaba almak üçin awtomatlaşdyrylan ulgamy ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.
Çeşme:

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hapalaýjy maddalaryň howa zyňylmagyny gözegçilikde saklamak we hasaba almak üçin awtomatlaşdyrylan ulgamy ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.

Munuň üçin TNGIZT degişli ulgam döretmek boýunça işleriň taslamasy we ýerine ýetirilişi boýunça tender tekliplerini işläp taýýarlamak üçin halkara bäsleşigi yglan etdi.

Bu eýýäm toplumyň ekologiýa we daşky gurşawyň gün tertibi bilen baglanyşykly ilkinji başlangyjy däl. Geçen ýylyň oktýabr aýynda TNGIZT-nda wodorod öndürýän desganyň gurluşygy üçin teklipleri işläp taýýarlamak boýunça tender yglan edilipdi.

Şeýle hem, toplumyň zawodlarynda nebiti we nebit önümlerini hasaba almak üçin awtomatlaşdyrylan ulgam döretmek boýunça taslamanyň üstünde iş alnyp barylýar.

TNGIZT tarapyndan geçirilýän tenderler barada has giňişleýin maglumaty +993 243 9-62-33, 6-04-98 telefon belgileri arkaly almak bolar. Bäsleşige gatnaşmak üçin arzany tngizt@tngizt.gov.tm e-poçta salgysyna ugratmaly.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026