HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: nebit önümleri uly islegden peýdalanyldy

Awgust 18, 2022 | 04:17 |12181
Sişenbe güni, 17-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $20,6 million we 3,9 million manatlyk 25 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Sişenbe güni, 17-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $20,6 million we 3,9 million manatlyk 25 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Sişenbe güni, 17-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $20,6 million we 3,9 million manatlyk 25 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler 700 tonnadan gowrak göni işlenilen benzini $432,8 müň satyn aldylar. Nebit önüminiň bahasy, öňki söwdalardaky bilen deňeşdirilende 14,6% arzanlap, bir tonnasynyň bahasy $596,25 bahalandyryldy.

Owganystanyň wekili $831,8 müň arassalanan dizel ýangyjynyň 800 tonnasyny almak barada geleşik baglaşdy. Önümiň bahasy 9% arzanlap, bir tonnasynyň bahasy $1 039,75 barabar boldy.

Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler jemi 10 müň tonna A-95 görnüşli awtoulag benzini satyn aldylar. Baglaşylan geleşikleriň umumy bahasy $8,8 million barabar boldy. Ýangyjyň bahasy 6% arzanlap, bir tonnasynyň bahasy $880,25 deň boldy.

Şweýsariýadan, BAE-den, Özbegistandan hem-de Owganystandan gelen işewürler söwdalarda umumy bahasy $10,6 million-a 9,6 müň tonna TS-1 uçar kerosinini satyn aldylar. Nebit önüminiň bir tonnasynyň bahasy $1 107,50 deň boldy, bu bolsa öňki söwdalar bilen deňeşdirilende 6,7% arzandyr.

Içerki bazarda bolsa ýerli telekeçi umumy bahasy 3,9 million manada deň bolan ýokary dykyzlykly T60-475-119 görnüşli polietilen satyn aldy.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026