HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen resminamalara gol çekdi

Awgust 17, 2022 | 21:17 |13846
Türkmenistan Awazada deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleri derejesindäki maslahatyň çäginde ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň birnäçesi bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekdi.Türkmenistan Awazada deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleri derejesindäki maslahatyň çäginde ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň birnäçesi bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekdi.
Çeşme:

Türkmenistan Awazada deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleri derejesindäki maslahatyň çäginde ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň birnäçesi bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew we Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministri Witaliý Sawelýew halkara awtoulag ýollaryny ösdürmek boýunça ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

foro2-16082022memorandumy.JPEG

Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasynyň hökümetleriniň arasynda halkara ýol ulaglary baradaky ylalaşyk baglaşyldy. Moldowa tarapdan resminama ýurduň premýer-ministriniň orunbasary, infrastruktura we sebit ösüş ministri Andreý Spynu gol çekdi.

foto3-16082022memorandumy.JPEG

Türkmenistanyň deňiz we derýa ýollary agentliginiň başlygy Annadurdy Kösäýew we Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Hwtisiaşwili iki ýurduň deňiz transport agentlikleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler.

foto4-16082022memorandumy.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

14:21 Awgust 29, 2026
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

07:13 Awgust 29, 2026
1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

07:08 Awgust 29, 2026