HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň arasynda ulag aragatnaşygyny işjeňleşdirmek üçin bäş ugur

Awgust 17, 2022 | 15:32 |8791
Bu ugurlary Awazada geçirilen Halkara ulag maslahatyna gatnaşyjylara iberen wideoýüzlenmesinde BMG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-nyň deňze çykalgasy bolmadyk iň pes ösen ýurtlar boýunça ýokary wekili Rabab Fatime teklip etdi.Bu ugurlary Awazada geçirilen Halkara ulag maslahatyna gatnaşyjylara iberen wideoýüzlenmesinde BMG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-nyň deňze çykalgasy bolmadyk iň pes ösen ýurtlar boýunça ýokary wekili Rabab Fatime teklip etdi.
Çeşme:

Bu ugurlary Awazada geçirilen Halkara ulag maslahatyna gatnaşyjylara iberen wideoýüzlenmesinde BMG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-nyň deňze çykalgasy bolmadyk iň pes ösen ýurtlar boýunça ýokary wekili Rabab Fatime teklip etdi.

Geografiki ýerleşişi sebäpli deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin tranzit we transportyň möhüm ähmiýete eýedigini bellemek bilen, ol hut şu sebäpli bu ýurtlaryň daşary söwda garaşlylygynyň 42% ortaça görkeziji bilen deňeşdirilende, JIÖ 45% töweregi bolandygyny aýtdy. Söwdanyň ýokary bahasy ulag ulgamyndaky kemçiliklere bagly, ýagny portlaryň uzak aralyklarda ýerleşmegi we uzak aralyklar sebäpli, sebit we dünýä söwdasyna doly gatnaşmak üçin netijeli mehanizmleriň ýoklugy sebäpli tranzit üçin bahanyň aşa ýokary bolmagy öz täsirini ýetirýär.

Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ulag aragatnaşygyny işjeňleşdirmek üçin ilki bilen ulag infrastrukturasynyň “fiziki” meselelerini çözmeli we bu işde onuň ähli usullaryny ulanmaly, bu bolsa öz gezeginde ýurtlaryň arasyndaky sebitleýin we halkara gatnaşyklary işjeňleşdirer we giňelder.

Merkezi Aziýada, işjeň ösýän sebit hökmünde häzirki wagtda bu ugurda käbir öňegidişlikler gazanyldy – MA döwletleriniň Aziýa we Afrika ýurtlaryny dünýäniň beýleki ýurtlary bilen birleşdirýän logistika merkezi hökmünde hereket edýän köpsanly ulag-üsraşyr geçelgeleri döredildi.

Ikinjiden, kadalaşdyryjy amallaryň we resminamalaryň kämilleşdirilmegi, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlara amatly tranzit guramak üçin ulgamlaýyn infrastrukturany döretmek.

Üstaşyr geçelgeleri amala aşyrmak üçin ýurtlar degişli halkara konwensiýalary we sebit şertnamalaryny tassyklamaly we netijeli durmuşa geçirmeli. Olaryň arasynda möhümleriniň biri, serhet proseduralaryny, şol sanda sebit derejesinde hem kadalaşdyrýan BSG-nyň söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça şertnama.

Üçünjisi, ulag pudagynyň sanlaşdyrylmagy. Harytlaryň we hyzmatlaryň akymyny artdyrjak ygtybarly, döwrebap we elýeter infrastrukturany döretmek üçin "akylly" ulagy, innowasiýalary we tehnologiýalary işjeň durmuşa geçirmek we ulanmak zerur.

Rabab Fatime bu amallaryň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üsti bilen berkidilen durnuklylyga we ygtybarlylyga, şeýle hem ýokary tehnologiýalar pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanmalydygyny aýtdy.

– Ýokarda agzalan ugurlaryň işläp ugramagy üçin iň soňky we juda möhüm şert – maýa goýumlary. Munuň üçin dürli çeşmelerden – döwlet we halkara maliýe guramalaryndan, hususy sektordan, sebit guramalaryndan we ş.m. maliýe serişdelerini çekmek zerur. Bu hereketler deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlarda döwrebap tehniki ulgamy we ösen ulag infrastrukturasyny döretmäge mümkinçilik berer. Meniň ofisim bu ýurtlara geljekde ýakyn gatnaşyklary üpjün etmek üçin goldaw bermäge doly taýýar – diýip, BMG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026