TDHÇMB-niň söwdalary: dokma önümlerini eksport etmäge geleşikler baglaşyldy


Anna güni, 12-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň öndüren önümlerini eksport etmäge geleşikler baglaşyldy.
Gyrgyzystanly işewür $316,2 müň dürli ölçegdäki tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümleriň 57,5 müň kilogramyny satyn aldy.
Manat serişdelerine BAE-niň wekili dürli görnüşli nah ýüplükleriň 38,7 müň kilogramyny satyn aldy. Geleşikleriň umumy bahasy 1,7 million manada deň boldy.
Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.
Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.
ORIENT news








