Deňiz barada bilimden başlap, çekişme klubyna çenli – hyzmatdaşlyk hakynda Hazar sýužetleri


Awazada geçirilen "Hazar - dostluk we ylalaşyk deňzi" atly maslahatyň çäginde kenarýaka bäş döwletiň we BMG-nyň wekilleriniň gatnaşmagynda "tegelek stol" geçirildi. Hazardaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýy duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan temalaryň esasysysy boldy.
Bu nukdaýnazardan, ýaňy-ýakynda Aşgabatda geçirilen VI Hazar sammitiniň we şu ýyl ýetip gelýän wakalaryň - Azerbaýjanda Tähran konwensiýasynyň taraplarynyň VI maslahatynyň we Russiýada II Hazar ykdysady forumynyň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy bellenildi.
Duşuşyga gatnaşýanlar häzirki wagtda alnyp barylýan bilelikdäki resminamalaryň taslamalarynyň käbir guramaçylyk taraplaryna, şol sanda tebigaty goramak bilen baglanyşykly meselelere garadylar. Hazar kenarýaka ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň iýun aýyndaky duşuşygynda baglaşan şertnamalarynyň deňiz bilen baglanyşykly umumy meseleleri çözmäge uly itergi berendigi bellenildi.
Çekişmelerde halkara guramalarynyň Hazar hyzmatdaşlygyna, hususan-da, ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa topary, BMG-nyň Daşky gurşaw maksatnamasy, UNEP bilen hyzmatdaşlykda ekologiýa, kenarýakalary we deňiz baýlyklaryny dolandyrmak ulgamy boýunça gatnaşmagy barada durlup geçildi.

BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko ÝUNISEF-iň bu işe işjeň gatnaşmagyny goldady. Gürrüň deňiz bilen baglanyşykly düşünjäniň, bilimiň kiçi ýaşdan başlanmagy, köpçülikleýin deňiz medeniýetiniň kemala gelmegi barada boldy.
Şeýle hem, hemişelik utgaşdyryjy ýakyn wagtda ÝUNESKO-nyň Tährandaky sebit ofisine täze wekiliň ýolbaşçylyk etjekdigini we Hazar meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy düýpli ara alyp maslahatlaşmak üçin onuň Türkmenistana saparyny gurnamak mümkinçiligi barada aýtdy. Häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada aýdylanda, Şlapaçenko BMGÖM tarapyndan goldanylýan “Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň hemmetaraplaýyn ösüşi” atly taslamasyny belläp geçdi.

Azerbaýjanyň ilçihanasynyň geňeşçisi Mikael Ýusifow, Eýranyň ilçisi Golam Abbas Arbab Hales, Gazagystanyň ilçihanasynyň geňeşçisi Bostan Süleýmenow, Russiýanyň ilçihanasynyň geňeşçisi Tatýana Psarewa we Hazar deňzi institutynyň müdiri Myrat Atajanow öz ýurtlarynyň gyzykly teklipleri, pikirleri bilen çykyş etdiler.
Duşuşyk örän dostlukly ýagdaýda işewür we konstruktiw ruhubelentlik bilen geçirilip, ol hasabat üçin ýöne bir çäre bolman, eýsem köpsanly täze pikirleriň beýan edilen çekişme, has takygy pikir alyşma meýdançasyna öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, hyzmatdaşlygyň meselelerini resmi däl ýagdaýda ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanda Hazar çekişme klubyny döretmek pikiri öňe sürüldi.
ORIENT news








