Bizi Hazar birleşdirýär: bäş ýurduň bilelikde özboluşly üýtgeşik suw howdanynyň tebigatyny goraýşy


Hazar deňzi gaýtalanmaz tebigaty we biodürlüligi bolan özboluşly ýapyk suw howdanydyr. Onuň suw meýdany kenarynda ýerleşýän bäş ýurda - Türkmenistana, Azerbaýjana, Eýrana, Gazagystana we Russiýa deň derejede degişlidir. Şonuň üçin Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk ekologiýa, ykdysady we sosial taýdan möhüm ähmiýete eýedir.
Hazarýaka ýurtlary köp ýyl bäri deňziň tebigatyny, biodürlüligini goramak we köpeltmek üçin iş alyp barýarlar. Munuň üçin köp resminamalara gol çekildi, ylalaşyklar kabul edildi we hökümetara guramalar döredildi.
Däp bolşy ýaly, 12-nji awgustda Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasy) gol çekilen güni hazarýaka ýurtlaryň hemmesi Hazar deňziniň gününi belleýärler. Bu nukdaýnazardan, Hazar meselesi bilen baglanyşykly soňky wakalary ýatlamak we seljermek möhümdir.
VI Hazar sammitiniň netijeleri
Iýun aýynda Türkmenistanda hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň 6-njy sammiti geçirildi, onda möhüm daşky gurşaw meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, täze teklipler we başlangyçlar beýan edildi.
Hazar “bäşliginiň” liderleriniň deňziň tebigatyny goramaga gönükdirilen esasy hukuk resminamasy bolup durýan Tähran konwensiýasynyň borçnamalaryna ygrarlydyklaryny tassyklamagy çäräniň esasyny düzdi.

Bu dünýäde bolup geçýän we syýasy, durmuş-ykdysady bulaşyklygy döredýän wakalaryň, şeýle hem, Bakuda geçiriljek Tähran konwensiýasynyň taraplarynyň VI maslahaty, Russiýada geçiriljek II Hazar ykdysady forumy ýaly çäreleri guramak boýunça hazarýaka ýurtlaryň alyp barýan işleriniň çäginde möhümdir.
Wagtlaýyn Ženewada ýerleşýän Tähran konwensiýasynyň sekretariatynyň sebite göçürilmegi häzirki geosyýasy ýagdaýda derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. Bakuda geçiriljek maslahatda bu mesele boýunça kararyň kabul edilmegine garaşylýar.
Tähran konwensiýasyna Bäşinji teswirnama
Gözegçilik, baha bermek we Tähran konwensiýasyna maglumat alyşmak boýunça Bäşinji teswirnama Hazaryň geljekki ykbaly üçin möhüm ähmiýete eýe. Hünärmenleriň pikiriçe, ol beýleki protokollaryň ýerine ýetirilmegini ýeňilleşdirjek we öňde goýlan daşky gurşaw maksatlaryna ýetmekde umumy ösüşe doly baha bermäge mümkinçilik berjek möhüm resminama öwrüler.
Bu resminamanyň kabul edilmegi hazar “bäşliginiň” daşky gurşawa gözegçilik etmek we degişli maglumatlary alyşmakda anyk düzgünleriň işlenip düzülmegi üçin bitewi metodologiýanyň ulanylmagyny göz öňünde tutýar.
Bu Türkmenistanyň, Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňziniň ýagdaýyny ölçemek, ýygnamak we baha bermek üçin bitewi usulyýetiň bolmalydygyny aňladýar. Häzir ýurtlar bir-birine gabat gelmeýän dürli ülňüleri ulanýarlar, bu bolsa Hazar deňzinde bolup geçýän wakalaryň obýektiw umumy keşbiniň emele gelmeginiň öňüni alýar.

Şol bir wagtyň özünde, ülňüleriň umumylaşdyrylmagy ýurtlara deňziň ýagdaýyny öwrenmekde birmeňzeş barlaglar üçin artykmaç maliýe çykdajylaryny etmezlige mümkinçilik berer, sebäbi suwuň hili, aşaky çökündiler we ş.m. ýaly möhüm maglumatlar bir wagtyň özünde ähli hazarýaka döwletleriniň alymlary üçin elýeter bolar.
Teswirnama gol çekmegiň mümkin senelerinden biri, 2023-nji ýylyň 12-nji awgusty, ýagny Tähran konwensiýasynyň güýje girmeginiň 20 ýyllygy belleniljek gündür. Taraplar resminamany taýýarlamagy bu baýrama çenli tamamlasalar, onda oňa bu möhüm senede gol çekilmegi mümkin.
Hazar deňzi boýunça Türkmenistanyň başlangyçlary
Türkmenistan birnäçe gezek Hazar boýunça ýokary derejede dürli başlangyçlary öňe sürdi. Olaryň köpüsi Hazar deňziniň tebigatyny gorap saklamaga we deňiz baýlyklaryndan peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleri düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.
Möhüm teklipleriň biri Hazar deňziniň suw we biologik baýlyklaryny tygşytly ulanmak we gorap saklamak baradaky ylalaşyk boldy, şonuň netijesinde degişli hökümetara topary döredildi we häzirki wagtda üstünlikli işleýär.
Türkmenistanyň 2012-2013-nji ýyllarda Hazar deňziniň gidrometeorologiýa we hapalanmagyna gözegçilik etmek boýunça utgaşdyryjy komitetde başlyklyk eden döwründe ýerine ýetiren işleri onuň ähmiýetli üstünligidir. Hut şol döwürde Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy pudagyndaky hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
Bu resminamanyň ähmiýeti hazarýaka ýurtlarynyň gidrometeorologiýa gulluklarynyň sazlaşykly işine, olaryň özara maglumat alyşmagyna goşant goşmagydyr. Umuman aýdanyňda, hazar “bäşligi” tarapyndan kabul edilen her bir resminama möhüm ekologiýa meselelerini çözmek üçin alnyp barylýan umumy işiň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Hazardaky ylmy gözlegler hakynda täze ylalaşyk işlenip düzülýär. Bu resminama beýleki başlangyçlar bilen baglanyşykly bolup, Hazardaky hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Hazarýaka ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy obýektiw zerurlykdyr. Sebäbi, ähli kenarýaka ýurtlarynyň deň derejede güýçli täsiri bolan Hazar deňziniň ekologiki abadançylygyny diňe bilelikdäki tagallalar bilen gorap saklamak mümkin.
ORIENT








