HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Awazanyň myhmanhanalary “ýaşyl” ölçegleri ornaşdyrar

Awgust 13, 2022 | 03:19 |21447
Hazaryň türkmen kenaryndaky Awaza deňiz şypahanasynyň myhmanhanalry “ýaşyl” ölçegleri ornaşdyrarlar. Munuň özi BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde ýerine ýetirilýän “Durnukly şäherleriň ösüşi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň ösüşi” atly taslamada göz öňünde tutuldy.Hazaryň türkmen kenaryndaky Awaza deňiz şypahanasynyň myhmanhanalry “ýaşyl” ölçegleri ornaşdyrarlar. Munuň özi BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde ýerine ýetirilýän “Durnukly şäherleriň ösüşi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň ösüşi” atly taslamada göz öňünde tutuldy.
Çeşme:

Hazaryň türkmen kenaryndaky Awaza deňiz şypahanasynyň myhmanhanalry “ýaşyl” ölçegleri ornaşdyrarlar. Munuň özi BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde ýerine ýetirilýän “Durnukly şäherleriň ösüşi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň ösüşi” atly taslamada göz öňünde tutuldy.

Taslamanyň çäklerinde, şeýle hem bug gazlarynyň bölünip çykmasyny azaltmak we Awazadaky syýahatçylyk desgalaryny hem-de düzümlerini dolandyrmakda degişli ekologiýa çärelerini geçirmek arkaly daşky gurşawa ýaramaz täsirleri peseltmek boýunça çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Hazaryň güni mynasybetli geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşgy gurşawy goramak ministrliginde halkara ekologiýa hyzmtdaşlygynyň we taslamalarynyň utgaşdyrylmagyna jogap berýän Berdi Berdiýew gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, Ministrligiň hem-de BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) gatnaşmagyndaky “Merkezi Aziýada balyk hojalygyny we deňiz medeniýetini durnukly dolandyrmak ugrunda mümkinçilik döretmek (FISHCap)” atly täze sebitleýin taslamanyň ýerine ýetirilmegi bilen hem uly umyt bildirilýär.

FISHCap balykçylyk hojalyklarynyň işiniň hilini gowlandyrmagyň, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň hem-de deňiz medeniýetini, şol sanda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşen sebitleriň deňiz medeniýetini dolandyrmak meselelerinde goldaw bermegiň hasabyna durnukly balykçylyk önümçilgini artdyrmaga gönükdirilendir.

FAO we beýleki abraýly halkara guramalar bilen Hazar sebitiniň durnukly ekologiýa hem-de oba hojalyk ösüşi bilen baglanşykly beýleki taslamalary hem durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikleriň öwrenilmegi göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda, şeýle hem howanyň üýtgemegine garşy göreşmek hem-de oba hojalyk we adamlaryň beýleki işleriniň howanyň üýtgemegi şertlerine uýgunlaşmagy, topragyň ýaramazlaşmak işlerine garşy göreşmek we tokaý hojalygyny dolandyrmak, ýurtdaky täsin ekologiýa ulgamlaryny gorap saklamak üçin biologiýa köpdürliligini goramak hem-de amatly şertleri döretmek ýaly möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilen birnäçe beýleki milli we sebitleýin taslamalar amala aşyrylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026