HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan ÝB-ne önümleriň eksportuny 60%-den gowrak artdyrdy

Awgust 10, 2022 | 21:07 |10506
Geçen ýyl Türkmenistan  Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna eksportuny  2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 63% artdyrdy. Şeýle maglumaty Türkmenistanyň Ykdysadçylar birleşiginiň başlygy Ýuriý Aronskiý resmi metbugat üçin ýazan syn beriş teswirlemesinde getirýär.Geçen ýyl Türkmenistan  Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna eksportuny  2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 63% artdyrdy. Şeýle maglumaty Türkmenistanyň Ykdysadçylar birleşiginiň başlygy Ýuriý Aronskiý resmi metbugat üçin ýazan syn beriş teswirlemesinde getirýär.
Çeşme:

Geçen ýyl Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna eksportuny 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 63% artdyrdy. Şeýle maglumaty Türkmenistanyň Ykdysadçylar birleşiginiň başlygy Ýuriý Aronskiý resmi metbugat üçin ýazan syn beriş teswirlemesinde getirýär.

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna türkmen ekspotunyň artdyrylmagy milli ykdysadyýetiň pugtalanýandygyny, öndürilýän önümleriň hiliniň ýokarlanýandygyny, önümleriň bäsdeşlige ukyplylygynyň artýandygyny hem-de halkara ölçeglerine laýyk gelýändigini görkezýär.

ÝB-ne jemi $440 million möçberde önümler iberildi. Himiýa önümleri, mineral dökünler we dokma önümleri esasy eksport harytlary boldy. Şolary Gresiýa, Italiýa, Rumyniýa satyn aldy.

Şeýle hem bilermen Türkmenistanyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana tebigy gazy ibermeginiň köp babatda hut Ýewropa ýurtlary üçin niýetlenendigini belleýär.

Şunuň bilen bir wagtda Aronskiý Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) goşulyşýan ýurt derejesini almagynyň ähmiýetini nygtaýar. Bu bolsa ahyrky netijede, döwletiň geosyýasy we ykdysady mümkinçilikleriniň ulanylyşyny güýçlendirmelidir.

Umuman, Türkmenistanyň eksporty 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2021-nji ýylda 34,8% ýokarlandy diýlip, bilermeniň makalasynda bellenilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026