TDHÇMB-niň söwdalary: BAE-niň wekili nah ýüplük satyn aldy


Duşenbe güni, 8-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda BAE-niň wekili nah ýüplükleriniň dürli görnüşlerini satyn aldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen önümiň jemi 30,1 müň kg. eksporta iberiler. Şertnamanyň umumy bahasy 1,2 million manada deň boldy.
Şeýle hem, geçen hepde Türkiýeden gelen işewür, umymy bahasy $167,7 müň bolan nah ýüplükleriň dürli görnüşini satyn aldy.
Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.
Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.
ORIENT news








