Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Garabogaz aýlagynyň üstünden geçýän täze köpri köp ýurtlaryň ýük daşaýjylaryna netijeli hyzmat eder

Awgust 09, 2022 | 18:48 |12912
Garabogaz aýlagynyň üstünden geçýän täze awtoulag köprüsi diňe bir Türkmenistandan däl, eýsem Russiýadan, Gazagystandan, Eýrandan we Hindistandan ýük daşaýanlara hem netijeli hyzmat eder.Garabogaz aýlagynyň üstünden geçýän täze awtoulag köprüsi diňe bir Türkmenistandan däl, eýsem Russiýadan, Gazagystandan, Eýrandan we Hindistandan ýük daşaýanlara hem netijeli hyzmat eder.
Çeşme:

Garabogaz aýlagynyň üstünden geçýän täze awtoulag köprüsi diňe bir Türkmenistandan däl, eýsem Russiýadan, Gazagystandan, Eýrandan we Hindistandan ýük daşaýanlara hem netijeli hyzmat eder.

– Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni geçirilen köpriniň düýbüni tutmak dabarasynda eden çykyşynda aýtdy – diýip, resmi türkmen metbugaty ýazýar.

– Bu ulag infrastruktura desgasy daşary ýurt ýük daşaýjylaryna awto, deňiz we demir ýol ulaglaryndan peýdalanmak arkaly, demirgazyk we gündogar Ýewropa ýurtlaryna iň gysga ýol bilen gatnamaga mümkinçilik berer – diýip, döwlet baştutany nygtady.

Garabogaz aýlagynyň üstaşyr gurulýan köpri Türkmenistanyň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagyna oňyn şertleri döreder we onuň daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny has-da güýçlendirer.

– Şeýle hem, sebitde täze ulag infrastruktura desgasynyň peýda bolmagy söwda dolanyşygynyň, Türkmenistanyň demirgazyk we gündogar sebitleriniň arasynda ýük we ýolagçy gatnawynyň ep-esli artmagyna getirer – diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

– Häzirki wagtda Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän awtoulag ýollary Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen ýolagçylary we harytlary üznüksiz daşamak üçin amatly şertleri döretmeli – diýip, döwlet baştutany aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026