HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Bakuda Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden Merkezi Aziýa we Kawkazyň üsti bilen Ýewropa çykýan ulag geçelgesini ara alyp maslahatlaşdylar

Awgust 09, 2022 | 05:35 |8225
Bakuda "AÝU ýurtlary-Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Ýewropa" Halkara multimodal ýolunynyň demirýol operatorlarynyň duşuşygy geçirildi – diýip, Trend agentligi “ADY Container” azerbaýjan kompaniýasyna salgylanyp, habar berýär.Bakuda "AÝU ýurtlary-Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Ýewropa" Halkara multimodal ýolunynyň demirýol operatorlarynyň duşuşygy geçirildi – diýip, Trend agentligi “ADY Container” azerbaýjan kompaniýasyna salgylanyp, habar berýär.
Çeşme:

– Bakuda "AÝU ýurtlary-Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Ýewropa" Halkara multimodal ýolunynyň demirýol operatorlarynyň duşuşygy geçirildi – diýip, Trend agentligi “ADY Container” azerbaýjan kompaniýasyna salgylanyp, habar berýär.

Duşuşykda alty sany üstaşyr ýurduň demirýol operatorlary tarapyndan Hytaýyň Kaşgar şäherinden (Sinszýan Uýgur awtonom sebiti) Ýewropa konteýnerli ýük daşamak boýunça synag taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň demir ýol ulgamlarynyň edara wekilleri bu geçelge boýunça şu ýylyň dowamynda eýýäm iki gezek – mart aýynda Daşkentde we iýun aýynda Çolpon-Atada duşuşdylar, häzir bolsa, Bakuda bilelikdäki ýerine ýetirilen işiň esasy netijelerine garaldy.

– Sanly platformanyň synag görnüşi eýýäm taýýar, bu geçelge boýunça ýük daşamagyň netijeliliginiň ýokarlanmagyny we amallaryň iň amatly görnüşiniň saýlanmagyny üpjün eder. Bu ugurda ýöriteleşen UNISER kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen platforma synag tertibinde durmuşa geçirilip başlanýar – diýlip, habarda bellenýär.

Şeýle hem, gatnaw ugurlary barada maglumatlar ýerleşdiriljek saýt barada pikir alyşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar ugruň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin taraplaryň gatnaşmagynda konsorsium döretmegiň zerurdygyny bellediler we bu ugurda gepleşikleri dowam etdirmek kararyna geldiler.

"AÝU ýurtlary-Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Ýewropa" Halkara multimodal ýoluny ösdürmek baradaky şertnamalar 2019-njy ýylyň dekabrynda Daşkentde ylalaşyldy. Türkiýe bu ugra 2021-nji ýylyň dekabrynda goşuldy. Häzirki wagtda konteýnerli ýükler bu ugur boýunça Türkiýeden Baku-Tbilisi-Kars demir ýol geçelgesi boýunça, şeýle hem Gruziýanyň Poti we Batumi portlary bilen Özbegistan, Türkmenistan, Gyrgyzystan aralygynda ikitaraplaýyn ugur boýunça daşalýar.

2021-nji ýylda bu ugur boýunça ýük daşamagyň möçberi 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 101% ýokarlandy. Ýük daşama işleri Türkiýäniň “Pasifik Eurasia Logistics”, Gruziýanyň “GR Logistics and Terminals”, Azerbaýjanyň “ADY Container LLC” kompaniýalary we Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi (TULM) tarapyndan amala aşyrylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026