HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: geçen hepde kaliý, awtoulagbenzini we dizel ýangyjyna isleg bildirildi

Awgust 09, 2022 | 06:27 |8591
Geçen hepde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $32,1 million bolan 32 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Geçen hepde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $32,1 million bolan 32 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Geçen hepde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $32,1 million bolan 32 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Singapuryň wekili umumy bahasy $5,4 milliona (bir tonnasyna $544,50) 10 müň tonna birinji derejeli ownuk däneli türkmen kaliý hloridini almak üçin geleşik baglaşdy.

Owganystandan we Türkiýeden gelen işewürler $9,3 milliona (bir tonnasyna $936,75) 10 müň tonna A-95 görnüşli awtobenziniб şeýle hem $17,1 milliona (bir tonnasyna $1 145,25) 15 müň tonna L-0,5-62 görnüşli dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Türkiýeli telekeçi $167,7 müň dürli görnüşli pagta ýüplükleriniň jemi 55,9 müň kg satyn aldy.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026