HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ahalyň täze dolandyryş merkezinde ýol gurluşygyny “Ojar Aziýa” amala aşyrýar

Awgust 06, 2022 | 23:50 |22787
"Ojar Aziýa" hususy kärhanasy Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezine alyp barýan we onuň içerki ýollarynyň gurluşygyny işjeň alyp barýar."Ojar Aziýa" hususy kärhanasy Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezine alyp barýan we onuň içerki ýollarynyň gurluşygyny işjeň alyp barýar.
Çeşme:

"Ojar Aziýa" hususy kärhanasy Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezine alyp barýan we onuň içerki ýollarynyň gurluşygyny işjeň alyp barýar.

Bu barada hususy kärhananyň ýolbaşçysy Amanmuhammet Ojarow şu gün Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly ylmy-amaly maslahatda eden çykyşynda aýtdy.

Taslama laýyklykda, kompaniýa birinji tapgyrda 48,8 müň metr, ikinji tapgyrda bolsa - 17,8 müň metr ýol gurar. Şeýle hem, “Ojar Aziýa” häzirki wagtda hereket edýän ýoluň 5,4 müň metriniň durkuny täzelemek işlerini ýerine ýetirer.

Gurluşyk işlerine ýol-gurluşyk tehnikasynyň jemi 118 sanysy we işçileriň 350-si gatnaşýar. Häzirki wagtda işleriň bir bölegi eýýäm tamamlandy.

Строительством дорог в новом административном центре Ахала занимается «Оджар Азия»

Hususy kärhananyň ýolbaşçysy Türkmenistanda amala aşyrylýan iri gurluşyk taslamalaryna işjeň gatnaşýan "Ojar Aziýanyň" döwletiň goldaw bermegi we telekeçiligiň ösmegi üçin döredilýän iň gowy şertleriň netijesinde ýurduň pajarlap ösýän kompaniýalarynyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny nygtap geçdi.

2008-nji ýylda döredilen bu hususy kärhana onlarça desganyň gurluşygyny amala aşyrdy, olaryň arasynda medeni-dynç alyş toplumlary, ýaşaýyş jaýlary, sport we senagat ähmiýetli binalar, şeýle hem ýollaryň we köprüleriň dürli görnüşleri bar. Gurluşyk ulgamynda üstünlikli alyp barýan işleri üçin kompaniýa diplomlaryň we hormat hatlarynyň 20-den gowragyna mynasyp boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026