Esengulynyň kenarýaka obasynda çagalar dynç alyş merkezi açyldy


Balkan welaýaty, Esengulynyň kenarýaka obasy şu gün ýokary derejeli myhmanlary kabul etdi – bu ýerde anna güni çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Ol 2018-nji ýylyň netijeleri boýunça ýurduň iň gowy etraby hökmünde bölünip berlen pul serişdeleriniň hasabyna etrap häkimliginiň buýurmasy boýunça guruldy.
Esenguly etrabyny ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde pul sylagy bilen sylaglamak barada 2019-njy ýylyň fewral aýynda yglan edilipdi, şondan biraz soňra bolsa ýerli häkimýet şol puly oba ýaşaýjylary we çagalary üçin dynç alyş seýilgähi bolan zolagy döretmäge sarp etmek kararyna geldi.

Täze merkeze “Arkadagyň nesilleri” diýip at berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň guramagy tabşyran açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy Gülşat Mämmedowa, Balkan welaýatynyň häkimi Taňryguly Atahallyýew hem-de beýleki ýolbaşçylar gatnaşdylar.
Baýramçylyk mynasybetli çagalar toparlarynyň konserti guraldy, aýdym-sazlaryň joşgunly owazyna we ýerine ýetirilýän tanslara bolsa hormatly myhmanlar-da, ýerli ýaşaýjylar-da goşuldylar. Soňra oglanjyklar we gyzjagazlar özüne çekiji şäherjik bilen tanşyp başladylar.

Onuň çäklerinde dürli attraksionlar, şol sanda oýun hiň¬ňildikleri, awtodrom, syn ediş çarhy, oýun zaly, çaga oýnawaçlarynyň dükany hem-de beýlekiler ýerleşýär, şolaryň arasynda körpeje ýolagçylar üçin niýetlenen tekerjikli “otly” hereket edýär. Täze dynç alyş merkezinde gezelençler agşama çenli dowam etdi, agşam çagynda onuň çägindäki täsin, owadan çyralar nurana şöhle saçýar.
ORIENT news








