HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: hepdäniň dowamynda esasy nebit önümleriniň bahasy ýokarlandy

Iýul 26, 2022 | 18:26 |8899
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi $41,4 million hem-de 82,6 million manatlyk 73 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi $41,4 million hem-de 82,6 million manatlyk 73 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi $41,4 million hem-de 82,6 million manatlyk 73 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

L-0,2-62 görnüşli dizel ýangyjy üçin baha ep-esli ýokarlandy. Onuň bahasy ozal baglaşylan geleşikler bilen deňeşdirilende 21,4% ýokarlandy we bir tonnasynyň bahasy $1 208,75 barabar boldy.

Daşary ýurt işewürleri geçen hepdäniň dowamynda jemi 9 müň tonna türkmen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar we munuň üçin $5,2 million tölediler. Ozalky hepde bilen deňeşdirilende, STG-niň bahasy 3,3% ýokarlandy we bir tonnasynyň bahasy $586 deň boldy.

Eksporta gidro usulda arassalanan dizel ýangyjynyň 15 müň tonnasy $18,6 million satyldy. Nebit önümleriniň bahasy ozalky hepdedäki söwdalardaky bilen deňeşdirilende 10,1% pese düşdi.

A-92 görnüşli awtoulag benzininiň bahasy 1,9% ýokarlanyp, tonnasy bahasy $1 024,25-dan $1 044,50-a çenli artdy. Göni arassalanan benziniň bahasy 5,7% ýokarlandy we bir tonnasy $668,50 deň boldy.

Şeýle hem, söwdalarda KO-20 görnüşli yşyklandyryjy kerosini ($968,75), A-98 görnüşli etilsiz benzini ($1,121) we granulirlenen tehniki kükürdi ($230) satyn almak üçin geleşikler baglaşyldy.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

22:33 Sentýabr 13, 2026
Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

22:31 Sentýabr 13, 2026
Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

22:24 Sentýabr 13, 2026