HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: eksporta nebit önümleriniň giň gerimli görnüşleri ýerlenildi

Iýul 20, 2022 | 00:38 |9624
Duşenbe güni, 18-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşary ýurtlara umumy bahasy $25,5 million we 32 million manat bolan 48 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Duşenbe güni, 18-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşary ýurtlara umumy bahasy $25,5 million we 32 million manat bolan 48 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Duşenbe güni, 18-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşary ýurtlara umumy bahasy $25,5 million we 32 million manat bolan 48 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Owganystanyň telekeçileri 1,9 müň tonna suwuklandyrylan gaz satyn aldylar, onuň bahasy ozalky söwdalardaky bilen deňeşdirilende, $0,80 pese düşüp, bir tonnasynyň bahasy $566 deň boldy. STG boýunça geleşikleriň umumy bahasy $1 million-dan gowrak boldy.

Şeýle hem owgan işewürleri söwdalarda A-92 görnüşli awtoulag benzininiň 3,3 müň tonnasyny satyn aldylar. Onuň bahasy ozalky söwdalardaky bilen deňeşdirilende, 1,9% artyp, bir tonnasynyň bahasy $1 044,50 barabar boldy. Haryt boýunça geleşikleriň umumy bahasy $3,3 million boldy.

TDHÇMB-da Türkiýäniň hem-de Owganystanyň wekilleri suw bilen arassalanan dizel ýangyjynyň 15 müň tonnasyny jemi $18,6 million satyn aldylar. Nebit önüminiň bahasy şunuň ýaly soňky geleşikdäki baha bilen deňeşdirilende, 10,1% pese düşdi.

Şeýle hem söwdalarda Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri göni işlenen benziniň 3,7 müň tonnasyny satyn aldylar. Ýangyç boýunça ähli geleşikleriň bahasy $2,4 million barabar boldy. Bu harydyň bahasy mundan öňdäki söwdalardaky bilen deňeşdirilende, 5,7% ýokarlandy.

BAE-niň hem-de Gyrgyzystanyň telekeçileri nah ýüplükleriň dürli görnüşleini $1,2 million almaga geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler T60-475-119 görnüşli ýokary dykyzlykly polietileniň 1,6 müň tonnadan gowragyny satyn aldylar, geleşikleriň umumy bahasy 30 million manada deň boldy.

Türkmen işewürleriniň biri 2,3 million manatlyk nah ýüplük satyn aldy. Şeýle hem ýerli telekeçiler 124,2 müň manatlyk elde dokalan türkmen halylaryny satyn aldylar.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
TDU we Firdöwsi adyndaky Maşat uniwersiteti hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler

TDU we Firdöwsi adyndaky Maşat uniwersiteti hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler

17:41 Oktýabr 12, 2026
Türkmenistanda küşt boýunça 2026-njy ýylyň çempionatynyň II ligasy tamamlandy

Türkmenistanda küşt boýunça 2026-njy ýylyň çempionatynyň II ligasy tamamlandy

17:04 Oktýabr 12, 2026
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026