HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda ulag hyzmatdaşlygy baradaky resminamalara gol çekildi

Iýul 19, 2022 | 22:47 |8410
Şu gün Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: Baglanyşyklylyk we ösüş” atly halkara maslahatynda Türkmenistanyň döwlet ulag agentlikleriniň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary daşary ýurtly hyzmatdaşlary we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler.Şu gün Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: Baglanyşyklylyk we ösüş” atly halkara maslahatynda Türkmenistanyň döwlet ulag agentlikleriniň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary daşary ýurtly hyzmatdaşlary we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler.
Çeşme:

Şu gün Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: Baglanyşyklylyk we ösüş” atly halkara maslahatynda Türkmenistanyň döwlet ulag agentlikleriniň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary daşary ýurtly hyzmatdaşlary we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler.

“Türkmendemirýollary” agentligi Hytaýyň raýat inžener-gurluşyk korporasiýasy bilen Türkmenistanyň demirýol infrastrukturasyny ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek taslamalary boýunça Özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdi. Şeýle-de, bu korporasiýa bilen "Demirýollary" AGPJ-niň arasynda hem Özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy bilen Germaniýanyň “Lufthansa Consulting GmbH” kompaniýasynyň arasynda tehniki hyzmat, abatlaýyş we ýük daşamak pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

“Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Gazagystanyň jogapkärçiligi çäklendirilen “Port Kuryk” jemgyýeti bilen deňiz ulagy ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada Ylalaşyga gol çekdi.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty bilen Özbegistan Respublikasynyň "Uztemirýolconteýner" Paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hem Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen Hytaýyň “China Machinery Engineering Corporation” (CMEC) korporasiýasynyň arasynda gämi gurluşygy pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekildi.

Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi bilen Owganystanyň ýük ekspeditor kompaniýalar Assosiasiýasynyň (AAFCO) arasynda halkara ýük daşamak pudagynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň hususy ulag kompaniýalary bilen olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň arasynda dürli Ylalaşyklara we özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026