HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan täze ulag-üstaşyr ýollaryny döretmegi maksat edinýär

Iýul 19, 2022 | 17:48 |11823
Türkmenistan strategik maksada ýetmek üçin sebitiň ýurtlarynyň ulag kuwwatyny amala aşyrmak hem-de birleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Şol strategiki maksat Aziýanyň, Ýewropanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirip bilýän häzirki zaman düzümleri döretmekden ybaratdyr.Türkmenistan strategik maksada ýetmek üçin sebitiň ýurtlarynyň ulag kuwwatyny amala aşyrmak hem-de birleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Şol strategiki maksat Aziýanyň, Ýewropanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirip bilýän häzirki zaman düzümleri döretmekden ybaratdyr.
Çeşme:

Türkmenistan strategik maksada ýetmek üçin sebitiň ýurtlarynyň ulag kuwwatyny amala aşyrmak hem-de birleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Şol strategiki maksat Aziýanyň, Ýewropanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirip bilýän häzirki zaman düzümleri döretmekden ybaratdyr.

Bular barada sişenbe güni Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly maslahatda “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradow gürrüň berdi.

председатель агентства «Туркменские железные дороги» Азат Атамурадов

-Türkmenistan sebitiň içersindäki ulag gatnawlarynyň amala aşyrylmadyk mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, Merkezi Aziýany döwrebap, utgaşykly, ýokary netijeli ulag halkasyna öwürmek boýunça toplumlaýyn işleri alyp baryp, ulag-üstaşyr geçelgelerini we logistikany ösdürmek babatda tagallalary birleşdirýär-diýip, Atamyradow belledi.

Şu maksat bilen Türkmenistanda hökümet derejesinde Günorta Ýewropa çykalgasy bolmak bilen, Merkezi Aziýa—Hazar-Gara deňiz sebiti, şeýle hem Merkezi Aziýa—Ýakyn Gündogar ugurlary boýunça täze ulag-üstaşyr hem-de aragatnaşyk ýollaryny kemala getirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça iş topary döredildi.

Ozal ylalaşylan ugurlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça işler depginli alnyp barylýar, şol ugurlaryň hatarynda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Katar, Özbegistan-Türkmenistan-Hazar deňzi ugurlary we beýlekiler bar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli demir ýol ulgamy sebitiň ýurtlary bilen baglanyşdyrylandyr diýip, “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy gürrüň berdi. Ol Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň Gazagystan-Türkmenistan-Eýran uly demir ýolunyň gurlup ulanylmaga berlendigini belledi. Bu ýoluň açylmagy netijesinde, Hytaýdan konteýner ugurlarynyň biri işe girizildi.

председатель агентства «Туркменские железные дороги» Азат Атамурадов

Ulag ulgamynda bar bolan ägirt uly kuwwatyny has doly durmuşa geçirmäge ymtylyp, Türkmenistan ulag pudagynyň ähli düzümleri bilen bilelikde, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýar.

Şeýle hem Atamyradow Türkmenistanyň sebitdäki goňşular üçin amatly şertlerde Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny ulanmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny, bu portuň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň önümleriniň Ýewropanyň, Russiýanyň, Zakawkaziýäniň, Ýakyn we Orta Gündogaryň bazarlaryna eksportyny üpjün etmäge ukyplydygyny beýan etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026