HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan üstaşyr merkezi hökmünde uly ähmiýete eýedir – UND Türkiýäniň wekili

Iýul 19, 2022 | 17:39 |10272
Koronawirus pandemiýasy, Türkmenistanyň sebit üçin möhüm transport we üstaşyr merkezi hökmünde ägirt uly ähmiýetini aç-açan görkezdi diýip, Aşgabatda geçirilen maslahatda Halkara Ulagçylar Assosiasiýasynyň (UND Türkiýe) ýerine ýetiriji komitetiň başlygynyň hasabatyny hödürlän Assosiasiýasynyň wekili Alper Ozel aýtdy.Koronawirus pandemiýasy, Türkmenistanyň sebit üçin möhüm transport we üstaşyr merkezi hökmünde ägirt uly ähmiýetini aç-açan görkezdi diýip, Aşgabatda geçirilen maslahatda Halkara Ulagçylar Assosiasiýasynyň (UND Türkiýe) ýerine ýetiriji komitetiň başlygynyň hasabatyny hödürlän Assosiasiýasynyň wekili Alper Ozel aýtdy.
Çeşme:

Koronawirus pandemiýasy, Türkmenistanyň sebit üçin möhüm transport we üstaşyr merkezi hökmünde ägirt uly ähmiýetini aç-açan görkezdi diýip, Aşgabatda geçirilen maslahatda Halkara Ulagçylar Assosiasiýasynyň (UND Türkiýe) ýerine ýetiriji komitetiň başlygynyň hasabatyny hödürlän Assosiasiýasynyň wekili Alper Ozel aýtdy.

– Eger pandemiýa sebäpli Türkmenistan tarapyndan serhetleriň mejbury ýapylmagyndan soň bolup geçenlere seretseňiz, gruziýa-türk we gruziýa-rus serhetlerinde bökdençlikleriň dörändigini görüp bolýar. Ýükleriň garaşýan wagty 30 günden hem gowrak bolýardy. Bu döwürde türk gatnawçylarynyň üstaşyry 40 göterim peseldi diýip, çykyşda bellenýär.

UND-da bu görkezijileri Türkmenistanyň ägirt uly üstaşyr ähmiýetiniň subutnamasy hasaplaýarlar. Assosiasiýasynyň aýtmagyna görä, Türkmenistan goşmaça üstaşyr merkezi hökmünde Hytaý bilen Ýewropanyň arasynda baglaýjy halka bolup biler.

– Pandemiýadan soňky häzirki döwürde Türkmenistanyň üstaşyr geçelgeleriniň açylmagy ulag pudagyny halas etdi - diýip, UND Türkiýäniň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň çykyşynda aýdylýar.

Şeýle hem, koronawirus pandemiýasy dünýädäki ulag kompaniýalary üçin sapak boldy. “Biz durnukly dünýä ykdysadyýeti üçin her bir üstaşyr geçelgesiniň hereketde galmalydygyny we ösmelidigini öwrendik. Türkmenistan bu ýörelgelere düşünýän we olary durmuşa geçirýän ýurtlardan biri boldy”.

Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň üsti bilen goşmaça ulag geçelgesini döretmek we giňeltmek boýunça tagallalary dowam etdirmeli diýip, UND Türkiýe hasaplaýar. “Mysal üçin, sürüjiler üçin wiza düzgünini sanlaşdyrmak arkaly ýönekeýleşdirmek we şeýlelik bilen wiza almagyň wagtyny gysgaltmak mümkinçiligini görmek isleýäris”.

– Şeýle hem, biz Türkmenistanda ähli gatnawçylar üçin möhüm ähmiýete eýe bolan Türkmenbaşy deňiz porty ýaly beýleki gözegçilik nokatlarynyň açylmagyna garaşýarys, – diýlip maslahatdaky çykyşda bellenildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026