HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly – Ýewraziýa ulgamynyň ähmiýetli bölegi

Iýul 19, 2022 | 04:51 |11577
Demir ýollar hyzmatdaşlyk guramasynyň (DÝHG) komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç ulag-üstaşyr geçelegeleri boýunça Aşgabatda geçirilýän halkara forumyna sanly ulgam arkaly gatnşyp, Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň bölegi bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolynyň aýratyn ähmiýetini belledi.Demir ýollar hyzmatdaşlyk guramasynyň (DÝHG) komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç ulag-üstaşyr geçelegeleri boýunça Aşgabatda geçirilýän halkara forumyna sanly ulgam arkaly gatnşyp, Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň bölegi bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolynyň aýratyn ähmiýetini belledi.
Çeşme:

Demir ýollar hyzmatdaşlyk guramasynyň (DÝHG) komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç ulag-üstaşyr geçelegeleri boýunça Aşgabatda geçirilýän halkara forumyna sanly ulgam arkaly gatnşyp, Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň bölegi bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolynyň aýratyn ähmiýetini belledi.

-Bu ýol Gazgystany, Russiýanyň merkezi sebitlerini we Türkmenistany Eýran bilen, Pars aýlagynyň sebitindäki ýurtlar, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan goşmaça ugurlary döreder. Ol üstaşyr ýük we ýolagçy gatnawlaryny artdyrýar hem-de ulag çykdajylaryny azaldýar, syýahat etmek üçin wagt tygşytlaýar we ykdysady ösüşe ýardam berer – diýip, Antonowiç aýtdy.

Ol Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň taslama gatnaşyjy döwletlere dünýä bazarlaryna çykmaga mümkinçilik döredýändigini hem-de Ýewraziýanyň demir ýol ulgamynyň örän ähmiýetli bölegi bolup durýandygyny nygtady.

Häzirki günde Türkmenistan DÝHG №6 we №10 geçelgelere hem gatnaşýar diýip, Miroslaw Antonowiç sözüniň üstüni ýetirdi hem-de Türkmenistanyň DÝHG-niň halkara üstaşyr nyrhlary we ýeke-täk üstaşyr nyrh baradaky şertnamalaryna goşulyşandygyny belledi. Munuň özi Türkmenistana Hytaý we Ýewropa ugurlary boýunça üstaşyr geçirmek babatdaky ýeke-täk nyrhlary ylalaşmak üçin oňaýly ýagdaýlary işläp taýýarlamaga mümkinçilik bermek bilen birlikde, hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary pugtalandyrar hem-de gatnawlary ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini açar.

Antonowiçiň pikirine görä, şu maksatlara, şeýle hem demir ýollar arkaly gatnawlarda ýeke-täk resminamanyň giňden ulanylmagy ýardam berer, bu resminama häzir Guramanyň çäklerinde ösdürilýär.

-Täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň, iň täze tehnologiýalryň, şol sanda sanly tehnologiýalaryň şertlerinde DÝHG yzygiderli özgerýär, ösüşlere beslenýär, agza ýurtlaryň demir ýollaryny kämilleşdirmegiň hem-de ösdürmegiň täze ugurlaryny gözleýär. Serhet we gümrük amallary geçilende, wagtyň tygşytlanmagy, resminamalaryň möçberiniň azaldylmagy hem-de kagyz görnüşdäki resminama dolanyşygynyň aradan aýrylmagy, daşamagyň tizliginiň artdyrylmagy – ol we işleriň beýleki ugurlary döwrüň ähli talaplaryna hem-de çagyryşlaryna jogap bermäge mümkinçilik berýär—diýip, Antonowiç aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026