HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenbaşy şäheriniň deňiz porty hususy ulag-logistika kompaniýalarynyň 35-si bilen hyzmatdaşlyk edýär

Iýul 19, 2022 | 04:44 |12242
Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz porty, soňky ýyllarda onlarça hususy kompaniýalaryň döredilen ýeri bolan Türkmenistanyň ulag-logistika pudagynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny öňe ilerletdi. Hususan-da, ýerli kompaniýalaryň 35-si port bilen hyzmatdaşlyk edýärler hem-de onuň ýaşyl düzümleriniň ösmegine uly ýardam berýärler.Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz porty, soňky ýyllarda onlarça hususy kompaniýalaryň döredilen ýeri bolan Türkmenistanyň ulag-logistika pudagynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny öňe ilerletdi. Hususan-da, ýerli kompaniýalaryň 35-si port bilen hyzmatdaşlyk edýärler hem-de onuň ýaşyl düzümleriniň ösmegine uly ýardam berýärler.
Çeşme:

Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz porty, soňky ýyllarda onlarça hususy kompaniýalaryň döredilen ýeri bolan Türkmenistanyň ulag-logistika pudagynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny öňe ilerletdi. Hususan-da, ýerli kompaniýalaryň 35-si port bilen hyzmatdaşlyk edýärler hem-de onuň ýaşyl düzümleriniň ösmegine uly ýardam berýärler.

Bu barada duşenbe güni Aşgabatda açylan ulag we üstaşyr geçelgeleri baradaky maslahatda çykyş edip, Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunyň başlygy Seýitguly Baýseýidow gürrüň berdi.

Seýitguly Baýseýidow "Durnukly ulag ulgamynyň ekologiýa ugurlary" diýen mejlise gatnaşdy, şonda ýaşyl düzümleri ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň eýeleýän ornuna garaldy.

Şeýle hem Türkmenistan bu ugurda halkara konwensiýalaryň birnäçesine, şol sanda nebit bilen hapalanmagyndan zyýan çekilmegine raýat jogapkärçiligi baradaky, gämilerden hapalanmagyň öňüni almak boýunça, deňizde gämileriň çaknyşmagynyň öňüni almagyň halkara düzgünleri hakyndaky resminamalara we beýlekilere goşulyşdy.

Portda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak baradaky çarçuwaly konwensiýadan hem-de Hazar deňzinde hereket etmegiň milli meýilnamasyndan gelip çykýan talaplary we borçlary ýerine ýetirmek üçin deňizde gyssagly halas ediş gullugy döredildi.

Baýseýidow Türkmenbaşy şäheriniň portunyň Ýewraziýadaky möhüm geosyýasy ähmiýetini aýratyn belledi. Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRACECA) söwda ýolunda ýerleşmek bilen, ol ýylyň dowamynda gämileri kabul etmäge, gije-gündiziň dowamynda ýüklemek we düşürmek işlerini ýerine ýetirmäge ukyplydyr, onuň geçirijilik ukyby -- nebit önümlerini hasaba almanyňda, ýylda 17 million tonna ýüke barabardyr.

Portuň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, 2021-nji ýylda ýük terminallaryndan daşamagyň umumy mukdary 11,3 million tonnadan gowrak boldy. Olaryň köpü bölegi - 6,5 million tonnadan gowragy eksporta ugradyldy. Import 1,2 million tonna, üstaşyr geçirmek bolsa - 353 müň tonna ýüke barabar boldy.

Daşky gurşawa täsir edýän işlere baha bermek maksady bilen, KaspEkoKontrol gullugy bilen bilelikde, her aýda daşky gurşawa gözegçilik işleri geçirilýär: deňiz suwuny 14 maddaly ugur arkaly öwrenmek üçin nusgalar alynýar, nebit önümleriniň barlygyny anyklamaga topragyň nusgalary alynýar, atmosfera howasynyň seljermesi geçirilýär, beýleki ekologiýa ugurlaryna baha berilýär. Portda ýükleme işleri geçirilende, düzüminde nebit we beýleki himiki goşundylar bolan ýükler bilen deňziň hapalanmagynyň öňüni almak boýunça çäreleriň meýilnamasy işlenilip taýýarlanylýar, şonda deňiz gurşawynyň hapalanmagynyň töwekgelçilikleriniň öňüni almak üçin hökmany çäreler giňişleýin beýan edilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026