HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Milli gämiler türkmen nebit önümleriniň ýurt daşyna çykarylyşyny artdyrmaga mümkinçilik berdi

Iýul 18, 2022 | 22:33 |9362
Türkmenbaşy şäherinde gurlan häzirkizaman Halkara deňiz porty we täze milli gämiler türkmen nebit önümleriniň daşary ýurtlarda durnukly üpjünçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berdi.Türkmenbaşy şäherinde gurlan häzirkizaman Halkara deňiz porty we täze milli gämiler türkmen nebit önümleriniň daşary ýurtlarda durnukly üpjünçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berdi.
Çeşme:

Türkmenbaşy şäherinde gurlan häzirkizaman Halkara deňiz porty we täze milli gämiler türkmen nebit önümleriniň daşary ýurtlarda durnukly üpjünçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berdi.

Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy Agamyrat Haýytmyradow Aşgabatda geçýän “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: Baglanyşyklylyk we ösüş” atly halkara maslahatynda aýtdy.

Agentligiň başlygy nebit önümlerini daşamak üçin innowasiýa taslamalarynyň çäginde 7 sany döwrebap gäminiň gurlandygyny habar berdi. – Bu bolsa Türkmenistanyň deňiz flotunyň bäsdeşlige ukyplylygyny ep-esli ýokarlandyrdy – diýip, Haýytmyradow belledi.

– Häzirki wagtda dünýä bazarynda Türkmenistana üstünlikli wekilçilik edýän bu gämiler Hazaryň portlarynyň arasynda halkara gatnawlaryny amala aşyrýarlar – diýip, ol dowam etdi.

Национальные суда позволили нарастить поставки туркменских нефтепродуктов

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty tarapyndan hödürlenýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek üçin dört sany tirkeg gämisini (buksir) we iki sany ýokary tizlikli ýolagçy gämisini satyn alyp, döwrebaplaşdyrdy.

Türkmenistanyň maksady Hazar deňziniň gündogar kenarýakasyndaky öz deňiz duralgasyny sebitdäki iň kuwwatly portlaryň birine we Ýewraziýa yklymynda deňiz, demir ýol we howa arkaly gatnawlary utgaşdyrjak dünýäniň iň uly ulag-logistika merkezine öwürmekdir.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy: “Şunuň bilen baglylykda, gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň ählisini Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda hyzmatdaşlyga çagyrýarys” – diýdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026