HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: Suwuklandyrylan tebigy gazyň bahasy 6%-dan gowrak ýokarlandy

Iýul 16, 2022 | 02:13 |10799
Penşenbe güni, 14-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $26,5 million hem-de 2,7 million manatlyk16 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Penşenbe güni, 14-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $26,5 million hem-de 2,7 million manatlyk16 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Penşenbe güni, 14-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $26,5 million hem-de 2,7 million manatlyk16 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Söwdalarda suwuklandyrylan tebigy gazyň bahasy 6,7% ýokarlandy we bir tonnasynyň bahasy $566,80 barabar boldy. STG-niň jemi 5 müň tonnasy eksport üçin satyldy.

Mawy ýangyjy satyn alyjy Owaganystanyň wekilleri umumy bahasy $2,8 million bolan STG-ni satyn aldylar

Şol bir wagtyň özünde TS-1 uçar kerosininiň bir tonnasynyň bahasy $1,187,25 deň boldy. Soňky söwdalar bilen deňeşdirilende bahanyň ýokarlanmagy 6,5% barabar boldy.

BAE we Owganystandan gelen telekeçiler tarapyndan 20 müň tonna uçar kerosinini satyn almak üçin umumy bahasy $23,7 million bolan şertnama baglaşyldy.

Manat serişdelerine Wallis we Futuna adalarynyň wekilleri umumy bahasy 2,7 million manat bolan nah ýüplük satyn aldylar.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026